HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen döwlet maliýe instituty bitaraplyk meseleleri boýunça onlaýn-olimpiadasyny geçirer

Fewral 17, 2025 | 10:05 |4831
Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Bitaraplyk ýoly – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly” atly onlaýn-olimpiadasynyň geçirilýändigi barada habar berýär.Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Bitaraplyk ýoly – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly” atly onlaýn-olimpiadasynyň geçirilýändigi barada habar berýär.
Çeşme: tdmai.edu.tm

Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Bitaraplyk ýoly – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly” atly onlaýn-olimpiadasynyň geçirilýändigi barada habar berýär.

Paýhas bäsleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň çuňlaşdyryp öwrenilmegine, bu babatda ýaşlaryň bilimleriniň kämilleşmegine, şeýle hem ýaş nesilde öz Watanyna bolan buýsançlyk duýgusynyň döredilmegine gönükdirilendir.

Olimpiadanyň test soraglary bitaraplygyň taryhy kökleri; türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň aýratynlyklary; “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we onuň nyşany; halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasaty ýaly mowzuklara esaslanar.

Bäsleşik türkmen dilinde geçirilýär. Her bir ýokary okuw mekdep 5 talyby hödürläp biler. Olar bir sagadyň dowamynda 60 sany test soraglaryna dogry jogap bermegi başarmaly.

Onlaýn-olimpiada 17-nji martda sagat 15:00-da başlap, oňa Türkmenistanyň döwlet maliýe institutynyň sanly platformasy arkaly gözegçilik ediler.

Olimpiada gatnaşjak talyplaryň sanawyny we olar baradaky maglumatlary guycmyratsoltanmyradow@gmail.com elektron salgysyna 15-nji marta çenli ugratmaly.

1, 2 we 3-nji ýerlere mynasyp bolan talyplar Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň adyndan diplomlar bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99365553366; +99365410055; +99363249950.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026