Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Ählumumy gaz merkezi we Türkmenistan hyzmatdaşlygy giňeldýär

Fewral 15, 2025 | 17:55 |7882
13-nji fewralda Türkmenistanyň BMG-niň we Ženewadaky beýleki halkara guramalarynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Ählumumy gaz merkeziniň (GGC – Global Gas Centre) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro bilen duşuşdy13-nji fewralda Türkmenistanyň BMG-niň we Ženewadaky beýleki halkara guramalarynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Ählumumy gaz merkeziniň (GGC – Global Gas Centre) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro bilen duşuşdy
Çeşme: switzerland.tmembassy.gov.tm

13-nji fewralda Türkmenistanyň BMG-niň we Ženewadaky beýleki halkara guramalarynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Ählumumy gaz merkeziniň (GGC – Global Gas Centre) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro bilen duşuşdy.

Duşuşykda Merkeziň işi we Türkmenistan bilen GGC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri öwrenmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar gaz pudagynyň häzirki tendensiýalary we energiýa geçişi barada pikir alyşdylar. Waleri Dýukro halkara gepleşikleri üçin meýdança bolup hyzmat edýän, gaz pudagynyň esasy oýunçylaryny birleşdirýän Ählumumy gaz merkeziniň wezipesi barada jikme-jik maglumat berdi.

Ilçi Hajiýew Türkmenistanyň ähmiýetli tebigy gaz gorlaryna ünsi çekdi hem-de ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we gaz pudagynda öňdebaryjy tejribäni ulanmaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

15022025-globalnyj-gazovyj-centr-i-turkmenistan.jpeg

Şu nukdaýnazardan taraplar GGC bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi bolan ugurlaryny şol sanda bilermenleriň tejribe alyşmagy, türkmen wekilýetleriniň Merkeziň çärelerine gatnaşmagy, şeýle hem gazy durnukly peýdalanmak ugrundaky bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar dialogy dowam etdirmek we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin anyk ädimleri öwrenmek barada ylalaşdylar diýip, Türkmenistanyň Ženewadaky diplomatik wekilhanasynda habar berildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026