HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy boýunça seminar geçirilýär

Fewral 14, 2025 | 11:00 |6320
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy boýunça seminar öz işine başlady.Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy boýunça seminar öz işine başlady.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy boýunça seminar öz işine başlady.

Seminaryñ guramaçylary bolup Bütindünýä gümrük guramasy hem-de Hytaýyň Gümrük hyzmatdaşlygy gaznasy çykyş etdiler.

Çäre haryt jemini 2025-nji ýylyñ 1-nji ýanwaryndan güýje girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy hakynda halkara Konwensiýasyna laýyk getirmekde tehniki kömegi bermäge gönükdirilen.

Seminarda 2022-nji ýylyñ Sazlaşdyrylan ulgamynyñ jemini düşündirmekde we ulanmakda birgörnüşligi üpjün etmek we töleg toparlary boýunça işi döwrebaplaşdyrmak üçin Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy babatda Bütindünýä gümrük guramasynyň gurallaryny hem hödürlener.

Seminary Bütindünýä gümrük guramasynyň iki bilermeni braziliýaly Ýara Nowis hem-de ispaniýaly Alwaro Fernandez alyp barýar.

Seminaryñ maksatnamasy harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň düşündirişiň umumy düzgünleri, Sazlaşdyrylan ulgamyň bölümleriniň gerimi harytlaryň dürli ugurlarda klassifikasiýasy ýaly temalary öz içine alýar.

Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň utgaşdyrylan ulgamy bu köpmaksatly halkara haryt klassifikasiýa ulgamy bolup, ol halkara söwdada, gümrük işlerinde, ulag-ekspeditorçylyk amallarynda we statistikada klassifikasiýa maksady bilen ulanýar. Sazlaşdyrylan ulgamy Bütindünýä söwda guramasynda daşarky söwda üçin esasy haryt jemi hökmünde ulanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026