HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlary 2027-nji ýylda geçiriler

Fewral 13, 2025 | 16:35 |8787
Ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlary 2027-nji ýylda Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherinde geçiriler. Bu waka halkara giňişliginde kiber sportuň ösdürilmeginde möhüm ädim bolar.Ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlary 2027-nji ýylda Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherinde geçiriler. Bu waka halkara giňişliginde kiber sportuň ösdürilmeginde möhüm ädim bolar.
Çeşme: enewsmd.online

Ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlary 2027-nji ýylda Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherinde geçiriler. Bu waka halkara giňişliginde kiber sportuň ösdürilmeginde möhüm ädim bolar.

Ilkibaşda, ýaryşlary 2025-nji ýylda geçirmek meýilleşdirildi, emma logistika meseleleri sebäpli geçiriljek senäni yza süýşürmeli boldy. Bu baradaky karar 2024-nji ýylyň iýunynda geçirilen Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) 142-nji sessiýasynda kabul edildi.

Er-Riýad şäherinde Tomas Bahyň we Saud Arabystanyň sport ministri şazada Abdulaziz bin Türki Al Feýsalyň arasynda geçirilen duşuşyk Oýunlary geçirmegiň täze strategiýasynyň kesgitlenilmeginde möhüm orun tutdy. Alty adamdan ybarat komitet döredilip, ol Oýunlarda hödürlenjek görnüşleri kesgitlär.

Oýunlaryň guramaçylygynda Halkara olimpiýa komiteti Saud Arabystanyň Olimpiýa we Paralimpiýa komiteti hem-de Kibersport boýunça dünýä kubogy gaznasy bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu hyzmatdaşlyk kibersportuň we adaty sport görnüşleriniň arasyndaky boşlugy azaltmaga, şeýle hem öz ýurtlaryna wekilçilik edýän oýunçylar we toparlar üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Şazada Abdulaziz bin Türki Al Feýsal Saud Arabystanda kibersporta bolan gyzyklanmanyň artýandygyny hem-de ýurduň 2030-njy ýyla çenli oýunlar senagatynyň dünýä merkezine öwrülmek isleýändigini belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026