HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy

Fewral 12, 2025 | 22:10 |7313
12-nji fewralda, çarşenbe güni wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Tährana saparynyň çärginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy12-nji fewralda, çarşenbe güni wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Tährana saparynyň çärginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

12-nji fewralda, çarşenbe güni wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Tährana saparynyň çärginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

Resmi kabul edişligiň dowamynda daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi

Prezident Masud Pezeşkian Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna jogap hökmünde mähirli salamyny ýollap, eýran-türkmen gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşýändigini nygtady we 10-njy fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň möhümdigini belledi.

Eýranyň Prezidenti, Türkmenistan bilen energetika, ulag, suw baýlyklary we beýleki ugurlar boýunça mundan beýläk hem konstruktiw ýagdaýda işlemäge taýýardygy mälim etdi.

Taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde bilelikdäki çäreleriň ähmiýetini bellediler diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026