HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň burawlaýjylary täze çuň nebit guýylaryny özleşdirýärler

Fewral 12, 2025 | 12:40 |5501
2024-nji ýylda “Türkmennebit” DK-niň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary Keýmir, Ekerem, Şatut, Demirgazyk Goturdepe, Kemer, Uzynada ýataklarynda 11 sany täze guýylary ulanyşa berdiler.2024-nji ýylda “Türkmennebit” DK-niň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary Keýmir, Ekerem, Şatut, Demirgazyk Goturdepe, Kemer, Uzynada ýataklarynda 11 sany täze guýylary ulanyşa berdiler.
Çeşme: turkmennebit.gov.tm

2024-nji ýylda “Türkmennebit” DK-niň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary Keýmir, Ekerem, Şatut, Demirgazyk Goturdepe, Kemer, Uzynada ýataklarynda 11 sany täze guýylary ulanyşa berdiler.

Iň kyn bölekleriň biri Uzynada ýatagy bolup dur, ol ýerde taslama çuňlygy 6800 m barabar bolan çuň guýylaryň buraw işleri alnyp barylýar. Baý uglewodorod gatlaklary hünärmenlerden ýokary taýýarlygy we häzirki zaman tehnikasynyň ulanylmagyny talap edýär.

Geçen ýyl Uzynadada , nebitiň senagat ýygnanmasyny beren №84 guýysy üstünlikli burawlandy. Şeýle hem, 2024-nji ýylda hünärmenler täze №87 guýyny gurnamak işlerine başladylar. Bu işler üçin döwrebap buraw desgalary, şol sanda ZD 70 DB hytaý önümçilik desgalary ulanylýar. Bu desga çylşyrymly dag jynslarynda öz netijeliligini görkezdi.

Hünärmenler Öwezdurdy Gurbanow, Hojamyrat Mämmetjanow, Ýusup Baýrammämedow, Maksatmyrat Makyjanow täze tehnikany üstünlikli özleşdirdiler.

Türkmen burawlaýjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyda öňünde täze zähmet üstünliklere ýetmek boýunça wezipeleri goýup, ýurduň nebitgaz pudagynyň ösüşine öz goşandyny goşmaga dowam edýärler.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026