HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şu gün Halkara howpsuz Internet güni bellenilýär

Fewral 11, 2025 | 13:07 |7463
Şu gün Halkara howpsuz Internet güni bellenilýär. Ol 2004-nji ýylda Ýewropa komissiýasynyň başlangyjy bilen döredildi.Şu gün Halkara howpsuz Internet güni bellenilýär. Ol 2004-nji ýylda Ýewropa komissiýasynyň başlangyjy bilen döredildi.
Çeşme: n-pdn.ru

Şu gün Halkara howpsuz Internet güni bellenilýär. Ol 2004-nji ýylda Ýewropa komissiýasynyň başlangyjy bilen döredildi.

Bu sene “Bilelikde has gowy Internet üçin” şygar bilen geçirilip, onlaýn-serişdeleriň howpsuz we jogapkärçilikli ulanyşynyň wajyplygy baradaky habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu senede dürli çäreler, şol sanda mekdeplerde tematiki sapaklar we sosial ulgamlarda maglumat kampaniýalar geçirilýär.

Internetde özüňi howpsuz alyp barmak boýunça esasy maslahatlar ygtybarly açar sözleriň, köpfaktorly autentifikasiýanyň ulanylyşyny, yzygiderli programma üpjünçiliginiň täzelenmegini we ýükläp alynyşda howpsuzlygy öz içine alýar. Halkara howpsuz Internet güni geljekki nesiller üçin has howpsuz we hormatly sanly gurşawyň döredilmeginiň wajyplygy barada ýatlatma bolup hyzmat edýär.

Her ýyl Internet ulanyjylaryň sany artýar, şol bir wagtyň özünde kiber bulling, hilegärlik we şahsy maglumatlaryň ogurlygy ýaly howplar hem köpelýär. Çagalara we olaryň ata-enelerine bolup biljek howply ýagdaýlary tanamak we olara nähili garamalydygy barada öwretmek möhüm bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026