HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy gowşuryldy

Fewral 11, 2025 | 12:30 |6711
Düýn Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde 2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.Düýn Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde 2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Düýn Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde 2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Ir bilen etrabyň Döwletli zaman şäherçesiniň medeniýet öýüniň binasynyň öňünde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde dikilen ak öýleriň ýanynda türkmen milli tagamlary taýýarlanylyp, toý däpleri ýaýbaňlandyryldy. Ýörite guralan sergide etrabyň senetçileriniň, zergärleriniň taýýarlaýan amaly-haşam sungatynyň önümleri, ekerançylaryň, hususy önüm öndürijileriň öndürýän azyk harytlary görkezildi. Welaýatyň sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Soňra çäre medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dabaraly maslahat bilen dowam etdi. Ýygnananlar Sakarçäge etrabynyň ähli ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Dabaraly maslahat welaýatyň estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary bilen utgaşdy. Olarda döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işleri, halkara giňişlikde giňden goldaw tapýan beýik başlangyçlary, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyz belentden wasp edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026