HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HiBreak Pro elektron syýa tehnologiýasynda işlenilen smartfon çykaryldy

Fewral 11, 2025 | 10:55 |8985
Bigme kompaniýasy HiBreak Pro täze smartfony bilen tanyşdyrdy. Ol elektron syýa tehnologýasynyň (E-Ink) ulanylmagy bilen adaty enjamlardan tapawutlanýar.Bigme kompaniýasy HiBreak Pro täze smartfony bilen tanyşdyrdy. Ol elektron syýa tehnologýasynyň (E-Ink) ulanylmagy bilen adaty enjamlardan tapawutlanýar.
Çeşme: 4pda.to

Bigme kompaniýasy HiBreak Pro täze smartfony bilen tanyşdyrdy. Ol elektron syýa tehnologýasynyň (E-Ink) ulanylmagy bilen adaty enjamlardan tapawutlanýar.

Bu smartfon 6,13 duýmli ekran bilen enjamlaşdyrylan, 1648x824 piksellik mümkinçilikli we 300 ppi galyňlyga eýedir. Munuň özi ýiti gün şöhlelerinde hem gowy okamak mümkinçiligini üpjün edýär. HiBreak Pro modeliniň esasy aýratynlyklarynyň biri SSS Super Refresh tehnologiýasy bolup durýar. Ol sekuntda 21 surata çenli ýygylygynda ekrany täzelemäge mümkinçilik berýär. Bu hem “göze görünmeýän” täsiri peseldip, suratlaryň geçirilişini has akgynly ýagdaýa getirýär.

Smartfon Media Tek Dimensity 1080 prosesoryň esasynda işläp, 8 Gb operatiw we 256 Gb oturdylan ýada eýedir. Ony microSD kart arkaly hem giňeldip bolýar. Enjamyň esasy kamerasy 20 Mp çenli, frontal kamerasy bolsa – 5 Mp çenli mümkinçilige eýedir. HiBreak Pro modeliniň 5G, Wi-Fi, Bluetooth 5.2 we NFC üpjünçiligi hem bar. Şeýle hem ol ChatGPT we teksti dile öwürmek ýaly EA-wezipeleriň integrasiýasy bilen, Android 14 dolandyrylmagynda işleýär. 4500 MaS göwrümli akkumulýator 18 Wt möçberinde kuwwat berijini üpjün edýär.

Täze model öňünden sargamak üçin eýýäm elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026