HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilim edaralary şäher taslamasynda ýer bölekleriň ulanylyşy barada maslahatlaşdylar

Fewral 10, 2025 | 16:13 |6016
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty hem-de Kent döwlet uniwersiteti (ABŞ) “Dykyzlygy hasaba almak bilen taslamalaşdyrmak: goşmaça ýaşaýyş jaýlar barada gürrüň” atly mowzuk bilen onlaýn-maslahatyny geçirdiler. Duşuşyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirildi.Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty hem-de Kent döwlet uniwersiteti (ABŞ) “Dykyzlygy hasaba almak bilen taslamalaşdyrmak: goşmaça ýaşaýyş jaýlar barada gürrüň” atly mowzuk bilen onlaýn-maslahatyny geçirdiler. Duşuşyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty hem-de Kent döwlet uniwersiteti (ABŞ) “Dykyzlygy hasaba almak bilen taslamalaşdyrmak: goşmaça ýaşaýyş jaýlar barada gürrüň” atly mowzuk bilen onlaýn-maslahatyny geçirdiler. Duşuşyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Çuýahoga etrabynyň Taslamalaşdyrmak departamentinden Patrik Hýuitt we Reýçel Nowak, Kliwlend-Haýts şäheriniň taslamalaşdyrmak we ösüş boýunça direktory Erik Zumft hem-de OnyxCreative kompaniýasynyň uly arhitektory Tommi Çesnes binagärlik, gurluşyk we dizaýn babatda öz tejribeleri barada gürrüň berdiler.

Gatnaşyjylar şäher taslamasynda ýer bölekleriň ulanylyşy, ýaşaýyş jaýyň dogry taslamalaşdyrylmagy, şäher taslamasyna ilat sanynyň, durmuş we ykdysady meseleleriň täsiri, şeýle hem ekologiýa meseleleri barada maslahatlaşdylar.

Bu geňeşmeler ilatyň zerurlyklaryna doly laýyk gelýän taslamalary durmuşa geçirmekde tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026