HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Italýan dizaýniň güni geçiriler

Fewral 10, 2025 | 13:45 |5716
Çäräniň çäklerinde talyplar, dizaýnerler hem-de binagärlik we dizaýn ugrundaky hünärmenler üçin ussatlyk sapaklar geçiriler. Gatnaşyjylar esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga, täze çemeleşmeleri öwrenip, dizaýniň geljegi emele getirilişi baradaky tejribe bilimlerini alyp bilerler. Bu çäräniň aýratyn myhmany “Modenese Gastone Interiors Srl” lýuks brendiniň interýer boýunça meşhur dizaýneri Leandro Skalko bolar.Çäräniň çäklerinde talyplar, dizaýnerler hem-de binagärlik we dizaýn ugrundaky hünärmenler üçin ussatlyk sapaklar geçiriler. Gatnaşyjylar esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga, täze çemeleşmeleri öwrenip, dizaýniň geljegi emele getirilişi baradaky tejribe bilimlerini alyp bilerler. Bu çäräniň aýratyn myhmany “Modenese Gastone Interiors Srl” lýuks brendiniň interýer boýunça meşhur dizaýneri Leandro Skalko bolar.
Çeşme: www.graffiks.ru

Aşgabatda 12-14-nji fewral aralygynda Türkmenistandaky Italiýanyň ilçihanasy tarapyndan her ýyl guralýan Italýan dizaýniň güni geçiriler. Çäre Italiýanyň dizaýn sungatynyň, innowasiýalarynyň we döredijilik çözgütleriniň ösdürilmegine gönükdirlip, ol italýan dizaýni bütin dünýäde ykrar etdirýän ussatlygyň, däp-dessurlaryň we häzirki zaman garaýyşlarynyň özboluşly sazlaşygyny açyp görkezýär.

Çäräniň çäklerinde talyplar, dizaýnerler hem-de binagärlik we dizaýn ugrundaky hünärmenler üçin ussatlyk sapaklar geçiriler. Gatnaşyjylar esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga, täze çemeleşmeleri öwrenip, dizaýniň geljegi emele getirilişi baradaky tejribe bilimlerini alyp bilerler. Bu çäräniň aýratyn myhmany “Modenese Gastone Interiors Srl” lýuks brendiniň interýer boýunça meşhur dizaýneri Leandro Skalko bolar.

Ol Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynda we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda prezentasiýalary bilen çykyş edip, interýerde häzirki zaman tendensiýalary we dizaýn babatda innowasion çözgütler baradaky ekspert pikiri bilen paýlaşar.

Şu ýylyň Italýan dizaýniň gününiň mowzugy “Deňsizlik. Has gowy durmuş üçin dizaýn” diýlip atlandyrylar. Ol durmuş meselelerini çözmekde hem-de has inklýuziw we durnukly gurşawy döretmekde dizaýniň ornuny açyp görkezýär. Elýeterlilik, mümkinçilikleriň deňligi we ekologiýa jogapkärçiligi ýaly meselelere aýratyn üns beriler.

Mundan başga-da, Aşgabatda geçiriljek bu çäre dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän ählumumy başlangyjyň bir bölegi bolar. Bu başlangyç hünärmenleriň dizaýniň jemgyýete ýetirýän täsirini we onuň geljegi gurmakdaky orny barada maslahatlaşmaklaryna gönükdirilendir. Onuň çäklerinde Milanda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde geçiriljek “Salone del Mobile” atly 63-nji sergisi baradaky maglumatlar bilen hem tanyşdyrylar. Bu sergi dizaýn we mebel önümçiligi ugry boýunça dünýäniň iri çäresi hasaplanylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026