HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan Günbatar-Gündogar optik süýümli giper ýoluny gurar

Fewral 10, 2025 | 09:50 |8236
Gazagystan Günbatar-Gündogar optik süýümli giper ýoluny gurmagy meýilleşdirýär. Munuň özi ýurduň sanly infrastrukturasyny gowulandyrmak üçin möhüm ädim bolar.Gazagystan Günbatar-Gündogar optik süýümli giper ýoluny gurmagy meýilleşdirýär. Munuň özi ýurduň sanly infrastrukturasyny gowulandyrmak üçin möhüm ädim bolar.
Çeşme: bluescreen.kz

Gazagystan Günbatar-Gündogar optik süýümli giper ýoluny gurmagy meýilleşdirýär. Munuň özi ýurduň sanly infrastrukturasyny gowulandyrmak üçin möhüm ädim bolar.

Gurluşyk baradaky ylalaşyga Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrligi we Freedom Telecom Holding kompaniýasy gol çekdi. Taslama TIER-III (enjamlaryň we infrastruktura ygtybarlylygynyň iň ýokary standarty) derejesinden pes bolmadyk maglumatlary işlemek merkezini (MIM) öz içine alýar. Olar halkara internet-trafiginiň geçirilmegi we saklanylmagy üçin niýetlener.

Täze ugur Ýewropa bilen Gündogar Aziýanyň arasynda maglumatlary geçirmegiň alternatiw ýoluny üpjün eder. Bu hem sanly hyzmatlar bazarynda Gazagystanyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyryp, dünýäniň IT-kompaniýalarynyň ünsüni çeker. Mundan başga-da, taslama maliýe amallaryny işjeňleşdirmeli hem-de emeli aň we kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlary güýçlendirmeli. Munuň özi Gazagystany daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekiji ýagdaýa öwürer. Giper ýolunyň durmuşa geçirilmeginiň geçirilýän maglumatlaryň möçberini ep-esli derejede ýokarlandyrmaga mümkinçilik berip, internet-trafiginiň halkara geçirilişinde Gazagystanyň möhüm ornuny pugtalandyrjakdygyna garaşylýar. Gurluşyk 2026-njy ýylda tamamlanmaly, maliýeleşdirme bolsa hususy maýa goýumlaryň hasabyna amala aşyrylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026