HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ylmy konferensiýasyny geçirdi

Fewral 08, 2025 | 11:40 |9235
2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Kyrşehir şäheriniň Ahi Ewran uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy konferensiýasy geçirildi.2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Kyrşehir şäheriniň Ahi Ewran uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy konferensiýasy geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Kyrşehir şäheriniň Ahi Ewran uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy konferensiýasy geçirildi.

Geçirilen ylmy çärä Türkiýe Respublikasynyň Kyrşehir welaýatynyň häkimi Murat Sefu Demirýürek, Kyrşehir şäherindäki Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory, professor Mustafa Kazim Karahojagil, Türkiýe Respublikasynyň jemgyýetçilik-syýasy edaralarynyň, döredijilik we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, talyp ýaşlar we köpçülik habar beriş serişdeleri wekilleri gatnaşdy.

Çärede 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine, bu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine aýratyn üns çekildi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklarynyň filosofiýasynyň amaly beýanyna öwrülendigini bellediler.

Şeýle hem ylmy konferensiýanyň dowamynda gatnaşyjylar howpsuzlyk meseleleri, halkara gatnaşyklaryny ynsanperwerleşdirmek, bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, eneligi we çagalygy goldamak, ylymda, döredijilikde we sportda ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi hem-de hemmetaraplaýyn ösmegi üçin şertler döretmek babatynda köptaraplaýyn düzümleriň çäginde Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň ugurlaryny görkezýän Konsepsiýa barada maglumat bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ahi Ewran uniwersitetiniň kitaphanasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türk dilinde neşir edilen kitaplarynyň nusgalary sowgat berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026