HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-türk sebitara hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Fewral 08, 2025 | 11:10 |8926
2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Kyrsehir welaýatynyň häkimi Murat Sefu Demirýürek bilen duşuşdy.2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Kyrsehir welaýatynyň häkimi Murat Sefu Demirýürek bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Kyrsehir welaýatynyň häkimi Murat Sefu Demirýürek bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrmagyň geljegine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem söhbetdeşler gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, türkmen wekiliýetiniň Türkiýäniň bu sebitine amala aşyran saparynyň geljekki hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyna mümkinçilik döretýändigini nygtadylar we Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler boýunça maglumatlary ýetirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026