HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Kyrşehir şäherindäki Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Fewral 08, 2025 | 10:30 |7565
2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew Kyrşehir şäherindäki Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory  professor Mustafa Kazim Karahojagil bilen duşuşdy.2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew Kyrşehir şäherindäki Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory  professor Mustafa Kazim Karahojagil bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew Kyrşehir şäherindäki Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory professor Mustafa Kazim Karahojagil bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we özara tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň ilçisi türk tarapyna şu ýyl Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemek we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly meýilleşdirilýän köp sanly çäreler barada maglumatlary ýetirdi.

Öz gezeginde uniwersitetiň rektory Mustafa Kazim Karahojagil mundan beýläk hem hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady we şu ýylyň dowamynda bilelikde dürli çäreleri geçirmegiň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ýokarlandyrjakdygyny belledi.

Şeýle hem, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Ahi Ewran uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda uniwersitetde okaýan türkmen talyplarynyň bilim derejeleriniň görkezijileri we ýaşaýyş şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026