HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmengaz” DK enjamlary satyn almak barada açyk bäsleşigi yglan etdi

Fewral 07, 2025 | 12:10 |6080
“Türkmengaz” Döwlet konserni 2025-nji ýylyň 6-njy fewralyndan 19-njy martyna çenli zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada № T/GAZ-03 açyk bäsleşigi yglan edýär.“Türkmengaz” Döwlet konserni 2025-nji ýylyň 6-njy fewralyndan 19-njy martyna çenli zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada № T/GAZ-03 açyk bäsleşigi yglan edýär.
Çeşme: turkmengaz.gov.tm

“Türkmengaz” Döwlet konserni 2025-nji ýylyň 6-njy fewralyndan 19-njy martyna çenli zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada № T/GAZ-03 açyk bäsleşigi yglan edýär.

Lot №2 – umumy zawod enjamlary

Lot №5 – kömekçi önümler

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

Hasaba alnan we bank hasaby bar bolan kompaniýanyň adyndan ýazmaça görnüşde arzany tabşyrmak (ofşor zolaklarynda hasaba alnan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär);

“Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden” göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmak;

Lotlaryň häsiýetnamasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.

Arzalary tabşyrmak üçin salgy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK.

Gatnaşmagyň bahasy: bir Lot üçin 500 ABŞ dollary ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan).

Teklipleri hödürlemegiň usuly: doly bäsleşik teklibi ýerleşdirilen degişli möhür bilen kepillendirilen bukjada görkezilen salgy boýunça ugradylmaly.

Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnamasy (Excel görnüşde) bolmaly.

Bäsleşik tekliplerini tabşyrmagyň soňky möhleti: 2025-nji ýylyň 19-njy martynyň sagat 15:00 çenli (ýerli wagt). Habarlaşmak üçin:

Elektron salgy: info@turkmengaz.gov.tm

Saýt: http://www.oilgas.gov.tm/

Telefonlar: 40-37-45 (faks),

40-37-39,

40-37-40,

40-37-41,

40-37-42

Bellenen möhletden soň gelen arzalar kabul edilmeýär.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026