HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

4-nji fewral – Halkara adamzat doganlygy güni

Fewral 04, 2025 | 19:10 |6542
2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bütin dünýäde hem-de Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan milli derejede yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, her ýylyň 4-nji fewralynda bellenilýän Halkara adamzadyň doganlygy gününiň ähmiýetini has-da artdyrýar2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bütin dünýäde hem-de Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan milli derejede yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, her ýylyň 4-nji fewralynda bellenilýän Halkara adamzadyň doganlygy gününiň ähmiýetini has-da artdyrýar
Çeşme: Pixabay

2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bütin dünýäde hem-de Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan milli derejede yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, her ýylyň 4-nji fewralynda bellenilýän Halkara adamzadyň doganlygy gününiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu gün BMG tarapyndan yglan edilip, halkara, sebit, milli we ýerli başlangyçlary, şeýle hem dinler we medeniýetara gepleşigi ilerletmäge gönükdirilen dini liderleriň tagallalaryny göz öňünde tutup kabul edildi.

Hususan, 2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Abu-Dabide geçirilen duşuşygyň netijesinde Rim papasy Fransisk bilen «Al-Azharyň» Ýokary ymamy Şeýh Ahmad at-Taýyb tarapyndan gol çekilen «Ählumumy parahatçylyk we bilelikde ýaşaýyş ugrundaky adamzadyň doganlygy» jarnamasy aýratyn ähmiýete eýe boldy.

04022025-den-bratstva.JPG

Bu gün birek-birege hormat goýmagyň we jebisligiň gymmatlyklaryny wagyz edýän gün bolup, has parahat, adalatly we agzybir dünýä ýetmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtaýar. Çydamlylyk, köpdürlülik, dini we dünýägaraýyş taýdan birek-birege hormat goýmak adamzadyň doganlygyny ösdürýär.

Şol sebäpli, BMG parahatçylygy we jemgyýetçilik durnuklylygyny berkitmek, dini hem medeni köpdürlüligi hormatlamak arkaly ählumumy, sebitleýin, milli we ýerli derejede birek-birege düşünişmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen dinara we medeniýetara gepleşigi wagyz edýän çäreleri geçirmek zerur diýip hasaplaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026