HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wena şäherinde ÝHHG-nyň Hemişelik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Fewral 03, 2025 | 18:40 |5134
30-njy ýanwarda Wenada geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti руь gatnaşdy30-njy ýanwarda Wenada geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti руь gatnaşdy
Çeşme: osce.org

30-njy ýanwarda Wenada geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti руь gatnaşdy. Mejlisde çykyş eden ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň başlygy Pia Kauma (Finlýandiýa) 57 gatnaşyjy döwletiň ilçilerine parlamentleriň gurama bilen hyzmatdaşlygy barada garaýyşlaryny beýan etdi hem-de fin ýolbaşçylygynyň iş ugurlary bilen umumy gyzyklanma bildirilýän ugurlary nygtady. Şu ýyl Helsinki jemleýji aktynyň 50 ýyllygynyň öňüsyrasynda Pia Kauma ÝHHG-nyň hemişelik ýörelgelerini we borçnamalaryny saklamagyň hem-de berkitmegiň zerurdygyny belledi.

Halkara howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, 1975-nji ýylyň tomsunda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide 35 ýurduň döwlet baştutanlary tarapyndan gol çekilen resminama – Helsinki jemleýji akty (Helsinki ylalaşyklary, Helsinki jarnamasy) soňky sowuk urşuň dartgynlylygyny peseltmekde möhüm ädim boldy. Onuň 50 ýyllygynyň bellenilmegi, ÝHHG-nyň çäginde barha artýan geosyýasy bäsdeşlige garşy göreşmek we Helsinki jemleýji aktynyň esas goýujy gymmatlyklaryny Gündogar we Günbatar döwletleri üçin täzeden tassyklamak üçin möhüm pursat hökmünde görülýär.

Başlyk Kauma geçen hepde Helsinkide geçirilen ÝHHG-nyň PA-nyň býurosynyň mejlisini ýatladyp, şol ýerde ÝHHG-nyň häzirki başlygy Elina Waltoneniň çykyş edendigini we Guramanyň içinde bitewilikli çemeleşmäni üpjün etmek arkaly umumy wezipeleri çözmek üçin sinergiýany gazanmaga taýynlygyny mälim edendigini belledi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026