HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystan Emeli aň bilen baglanyşykly sebit merkezini döretmegi teklip edýär

Fewral 01, 2025 | 10:45 |9273
“Digital Almaty 2025” atly halkara sanly forumyň çäklerinde Gyrgyzystan Emeli aň (EA) sebit merkezini döretmegi teklip etdi.“Digital Almaty 2025” atly halkara sanly forumyň çäklerinde Gyrgyzystan Emeli aň (EA) sebit merkezini döretmegi teklip etdi.
Çeşme: inform.kz

“Digital Almaty 2025” atly halkara sanly forumyň çäklerinde Gyrgyzystan Emeli aň (EA) sebit merkezini döretmegi teklip etdi.

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Adylbek Kasymaliýew şeýle merkeziň döredilmegi Emeli aňy döwlet işlerine toplumlaýyn we giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Munuň özi döwlet hyzmatlaryň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmakda möhüm ädim bolup durýar. Merkez Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda bilim, serişde we iň gowy tejribeleri alyşmak üçin meýdança bolup hyzmat eder. Mundan başga-da, Emeli aňy dolandyrmagyň sebit standartlarynyň işläp taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýar. Bu hem raýatlaryň maglumatlarynyň goraglylygyny üpjün eder hem-de şol bir wagtyň özünde innowasiýalara ýol açar.

Kasymaliýew maglumatlary işlemegiň sebit merkezleri arkaly hasaplaýjy kuwwatlyklara elýeterliligiň möhümdigi barada hem belläp geçdi. Bu bolsa tehnologiýa päsgelçilikleri aradan aýyrmaga ýardam berer.

Şeýle-de Gyrgyzystan sebit taslamalary dolandyrmak we strategiýalar barada ylalaşmak üçin bitewi utgaşdyryjy edaranyň döredimegi boýunça synag taslamasyny öňe sürmäge taýýar. Munuň özi sebitiň ýurtlaryna ählumumy sanly merkezi bolmaga mümkinçilik berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026