HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OpenAI kompaniýasy "o3-mini" atly kuwwatly emeli añ modelini döretdi

Fewral 01, 2025 | 10:26 |8062
OpenAI kompaniýasy "o3-mini" atly täze kuwwatly emeli añ (EA) modeli bilen tanyşdyrdy. Ilkibaşda OpenAI kompaniýasy Täze ýyldan öñki 12 günlük marafonynyñ çäklerinde bu model barada habar berdi.OpenAI kompaniýasy "o3-mini" atly täze kuwwatly emeli añ (EA) modeli bilen tanyşdyrdy. Ilkibaşda OpenAI kompaniýasy Täze ýyldan öñki 12 günlük marafonynyñ çäklerinde bu model barada habar berdi.
Çeşme: 3dnews.ru

OpenAI kompaniýasy "o3-mini" atly täze kuwwatly emeli añ (EA) modeli bilen tanyşdyrdy. Ilkibaşda OpenAI kompaniýasy Täze ýyldan öñki 12 günlük marafonynyñ çäklerinde bu model barada habar berdi.

"o3-mini" pikir ýöredip bilýän model emeli añ babatda iñ kuwwatly gurallarynyñ biri bolar. Bu model programmirleme we matematika bilen baglanyşykly çylşyrymly ýumuşlary çözmek üçin işläp taýýarlanyldy. Hem-de işläp taýýarlaýjylaryñ aýtmagyna görä, ol özünden ozalky o1 modelinden 30 % netijelidir.

Içerki synaglar o3-mini modeliniñ adamyñ intellektual öndürijilik boýunça ortaça netijelerinden üstün çykýandygyny görkezdi, bu hem emeli añy dürli ugurlarda ulanmak üçin täze gözýetimleri açýar. Şeýle hem, model programma işleýjileriñ dünýä sanawynda 175-nji ýeri eýeledi, bu bolsa onuñ çylşyrymly algoritm meselelerini çözmäge bolan ukyplygyna şaýatlyk edýär.

o3-mini modeliniñ esasy aýratynlyklaryñ biri hem, onuñ elýeterliligidir: işläp taýýarlaýjylar ChatGPT çat-botyñ ulanyjylaryna modeliñ ýeñilleşdirilen görnüşini mugt hödürlärler. Munuñ özi ulanyjylaryñ köp sanyna öñdebaryjy emeli añ tehnologiýa elýeterliligini üpjün eder. Bu bolsa kiçi we orta telekeçilige, şeýle hem okuw proseslerine emeli añy ornaşdyrmak işini ep-esli derejede çaltlaşdyrar. Muña goşmaça, o3-mini Internet gözleg wezipesini hem ýerine ýetirer. Bu hem ulanyjylara olaryñ haýyşlaryna has takyk jogaplary gözläp tapmaga mümkinçilik berer.

Umuman aýdanymyzda, OpenAI kompaniýasynyñ o3-mini modeliniñ döredilmegi Emeli añ tehnologiýalary ösdürmegiñ täze eýýamynda möhüm ädim bolup biler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026