HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Braziliýaly futbolçy Neymar Saud Arabystan Patyşalygynyň «Al-Hilal» klubundan gitdi

Ýanwar 28, 2025 | 17:35 |6983
Braziliýaly meşhur futbolçy Neymar, Saud Arabystan Patyşalygynyň «Al-Hilal» futbol klubundan gitdi. Bu barada «Al-Hilal» klubynyň resmi saýtynda habar berildi.Braziliýaly meşhur futbolçy Neymar, Saud Arabystan Patyşalygynyň «Al-Hilal» futbol klubundan gitdi. Bu barada «Al-Hilal» klubynyň resmi saýtynda habar berildi.
Çeşme: sport-interfax.ru

Braziliýaly meşhur futbolçy Neymar, Saud Arabystan Patyşalygynyň «Al-Hilal» futbol klubundan gitdi. Bu barada «Al-Hilal» klubynyň resmi saýtynda habar berildi.

«Al-Hilal» bilen Neymar özara ylalaşyk esasynda şertnamany ýatyrmak kararyna geldi. Biz Neymar bilen işleşen döwrümiz üçin oňa minnetdarlygymyzy bildirýäris we onuň kärinde üstünlik arzuw edýäris» diýlip, habarda bellenilýär.

32 ýaşly Neymar dünýä futbolynyň iň zehinli oýunçylarynyň biri bolup, 2023-nji ýylyň awgust aýynda Ispaniýanyň «Barselona» we Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» klublarynda çykyş edeninden soň, «Al-Hilal» klubuna goşuldy.

Neymar, «Al-Hilal» bilen ummasyz baha şertnama baglaşan hem bolsa, milli ýygyndysynyň düzüminde 2023-nji ýylyň oktýabrynda alan şikesi sebäpli bir ýyl oýun meýdançasyna çykyp bilmedi. Ol «Al-Hilal» klubunda bary-ýogy 7 oýunda çykyş edip, 1 gol geçirdi we 3 netijeli pas berdi.

Neymar futbol kärini başlan kluby «Santos» bilen täze şertnama baglaşar diýlip garaşylýar.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026