HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşkentde Türkmenistan bilen Özbegistanyň diplomatik edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

Ýanwar 27, 2025 | 23:15 |6542
27-nji ýanwarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň Daşkende geçirilen duşuşygynyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen iki resminama gol çekildi. Hususan-da, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna we şertnama-hukuk binýadyny tükelleýiş we kämilleşdiriş boýunça teswirnama gol çekdiler27-nji ýanwarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň Daşkende geçirilen duşuşygynyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen iki resminama gol çekildi. Hususan-da, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna we şertnama-hukuk binýadyny tükelleýiş we kämilleşdiriş boýunça teswirnama gol çekdiler
Çeşme: gov.uz

27-nji ýanwarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň Daşkende geçirilen duşuşygynyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen iki resminama gol çekildi. Hususan-da, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna we şertnama-hukuk binýadyny tükelleýiş we kämilleşdiriş boýunça teswirnama gol çekdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Özbek kärdeşi Bagtiýor Saidow hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy hem-de türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek meselesine garadylar. Iki ýurduň liderleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň oňyn ýoluny saklamak üçin berk we dowamly binýadyny goýan tagallalary barada aýratyn bellenildi.

Ara alyp maslahatlaşmalar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny öz içine aldy. 2025-nji ýyl üçin meýilnama, ähli derejelerde we ähli ugurlarda meýilleşdirilen uly derejede alyş-çalyşlar bilen depginli boljakdygyny wada berýär diýip, Özbegistan Respublikasynyň DIM-niň metbugat beýanatynda bellenilýär.

27012025-dip-turkmenistan-uzbekistan (1).jpg

Bagtiýor Saidow Türkmenistanyň başlangyjy yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berilmegi bilen gutlady.

Taraplar halkara guramalaryna birek-biregiň agzalygyny goldamak barada alyşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026