HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandaky Hindistanyň Ilçihanasy Respublika gününiň 76 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirdi

Ýanwar 27, 2025 | 21:40 |6142
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistandaky Hindistan Respublikasynyň Ilçihanasy tarapyndan guralan Respublika gününiň 76 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi.Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistandaky Hindistan Respublikasynyň Ilçihanasy tarapyndan guralan Respublika gününiň 76 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistandaky Hindistan Respublikasynyň Ilçihanasy tarapyndan guralan Respublika gününiň 76 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şeýle hem hormatly myhmanlar gatnaşdy.

1

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gutlaglaryny beýan edip, hindi halkyna iň gowy arzuwlar etdi. Ol öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky berk taryhy gatnaşyklary barada aýdyp, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegi barada belläp geçdi. Ol TOPH gaz geçirijisi we Merkezi Aziýany beýleki sebitler bilen birleşdirýän ulag geçelgeler ýaly bilelikdäki taslamalara aýratyn ünsi çekdi.

2

Türkmenistandaky Hindistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagat mähirli gutlaglar üçin öz hoşallygyny bildirip, Hindistanyň Respublika gününiň Konstitusiýanyň kabul edilendigini hem-de Hindistanyň özygtyýar, dünýewi we demokratik ýurt hökmünde döremegini alamatlandyrýandygyny belledi. Şeýle-de Ilçi ýurduň soňky ýyllardaky üstünligini açyp görkezýän ylym, tehnologiýa, sanlylaşdyrma we sport ulgamlary boýunça Hindistanyň gazananlary barada agzap geçdi.

3

Dabaraly agşamky çäresiniň dowamynda iki ýurduň arasyndaky medeni alyş-çalşygyň ähmiýeti barada bellenildi. Bilim ulgamy boýunça başlangyçlara, şol sanda Aşgabatdaky Ýoga we däp lukmançylyk merkezi hem-de Türkmen-hindi okuw-tejribeçilik merkezi ýaly Türkmenistanda durmuşa geçirilýän maksatnamalara aýratyn ähmiýet berildi.

4

Çäre hindi tanslardan, aýdym-sazdan we ýoga çykyşyndan ybarat bolan medeni maksatnama bilen tamamlandy.

5

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026