HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenbaşy deňiz porty Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýar: hereket edýän täze söwda ýoly

Ýanwar 26, 2025 | 19:30 |7547
“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan–Azerbaýjan–ÝB ulag ugry üçin gowy geljegi açýar. Muny Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Beknazar Bazaralyýew mälim etdi diýip, Gyrgyzystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär. Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, şu günki gün bu ugur doly işleýär – Gyrgyzystanyň ýük daşaýjylary eýýäm ony harytlary Ýewropa eltmek üçin ulanýarlar“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan–Azerbaýjan–ÝB ulag ugry üçin gowy geljegi açýar. Muny Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Beknazar Bazaralyýew mälim etdi diýip, Gyrgyzystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär. Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, şu günki gün bu ugur doly işleýär – Gyrgyzystanyň ýük daşaýjylary eýýäm ony harytlary Ýewropa eltmek üçin ulanýarlar
Çeşme: orient.tm

“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan–Azerbaýjan–ÝB ulag ugry üçin gowy geljegi açýar. Muny Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Beknazar Bazaralyýew mälim etdi diýip, Gyrgyzystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär. Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, şu günki gün bu ugur doly işleýär – Gyrgyzystanyň ýük daşaýjylary eýýäm ony harytlary Ýewropa eltmek üçin ulanýarlar.

Bu ugur Gyrgyzystandan Türkmenistana, Türkmenbaşynyň deňiz portuna, soňra bolsa Hazar deňziniň üsti bilen “Alýat” (Azerbaýjan) portuna ondan aňryk Ýewropa ýa-da Astrahana (Russiýa) ýükleri daşamaga mümkinçilik berýär.

Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan–Azerbaýjan–ÝB geçelgesi Ýewraziýa sebitiniň ýurtlary tarapyndan öňe sürlen “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň bir bölegidir. “Bir guşak, bir ýol” Ýewraziýa sebitiniň döwletleriniň ulag we logistika mümkinçiliklerini ýeke-täk ugra birleşdirmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa Aziýadan harytlary günbatar tarapa päsgelçiliksiz eltmäge mümkinçilik berer. Bu başlangyç sebitleýin ulag-logistika ugurlaryny we geçelgeleri öz içine alýar, olaryň biri Hazarüsti geçelgesidir (Hazarüsti halkara ulag ugry, Orta ýol).

Bilermenler Hazarüsti ugry bilen “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň özara birleşmeginiň has köp maddy-tehniki üpjünçilige eýe boljak ýük daşaýjylara we Ýewraziýa sebitiniň üstaşyr mümkinçiligine peýdaly bolup biljekdigini birnäçe gezek bellediler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026