HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alymlar Ýeriñ jümmüşine syn etdiler: görenleri olary haýran galdyrdy

Ýanwar 24, 2025 | 15:20 |6809
Käbir alymlar uzak kosmosy üstünlükli öwrenmegi dowam edýär, käbir alymlar bolsa biziň planetamyzyň geçip bolmajak gaty gatlagynyň aşagynda nämeleriň gizlenýändigini bilmäge synanyşýarlar. Geofizikler täze işinde superkompýuteriň mümkinçiliklerini ulanmak bilen garaşylmadyk netijä geldiler.Käbir alymlar uzak kosmosy üstünlükli öwrenmegi dowam edýär, käbir alymlar bolsa biziň planetamyzyň geçip bolmajak gaty gatlagynyň aşagynda nämeleriň gizlenýändigini bilmäge synanyşýarlar. Geofizikler täze işinde superkompýuteriň mümkinçiliklerini ulanmak bilen garaşylmadyk netijä geldiler.
Çeşme: hi-news.ru

Käbir alymlar uzak kosmosy üstünlükli öwrenmegi dowam edýär, käbir alymlar bolsa biziň planetamyzyň geçip bolmajak gaty gatlagynyň aşagynda nämeleriň gizlenýändigini bilmäge synanyşýarlar. Geofizikler täze işinde superkompýuteriň mümkinçiliklerini ulanmak bilen garaşylmadyk netijä geldiler.

Ýeriň gaty gatlagy– litosfera – uly plitalara bölünendir we bu plitalar üznüksiz hereket edýär. Munuň netijesinde, 400-600 million ýylda bir gezek kontinental plitalar birleşip, soňra aýrylyşýar. Häzirki wagtda Ýer hereket prosesiniň orta döwründe: Atlantik ummany ýylsaýyn birnäçe santimetr giňelýär, emma Ýuwaş ummany kiçelýär we ahyrsoňy doly ýitip gider. Aziýa Amerika bilen birleşer, Awstraliýa we Antarktida hem olara goşular

Plitalaryň galyňlygy deň däl. Kontinental plitalar ortaça 40 kilometr galyňlykda, emma okean plitalary bary-ýogy alty-ýedi kilometre deňdir. Plitalaryň çatrygynda inçe plita agyr plitanyň aşagyna «girip», mantýada ereýär. Şeýle ýerler subduksiýa zolaklary diýlip atlandyrylýar. Munuň iň belli mysaly — Ýuwaş umman ot halkasydyr, ol wulkan işjeňligi boýunça Gawaýy, Kamçatka we Kaliforniýa ýaly ýerlerden geçýär.

Täze barlagda Şweýsariýanyň Ýokary Tehniki mekdebiň geologlary Kaliforniýanyň Tehnologiýa institutyndaky kärdeşleri bilen bilelikde litosfera plitalarynyň aşagyna seretmek arkaly Ýeriň mantiýasynyň düzümini öwrenmegi maksat edinýärler.

Bu işi göni ýerine ýetirmek mümkin däl: Ýeriň gabygyndan doly buraw işleri arkaly, nusga almak ýa-da eredilen maddanyň temperaturasy bilen basyşyny ölçemek mümkin däl. Şonuň üçin alymlar diňe çaklamalara esaslanýarlar. Bir pikire görä, bu subduksiýa zolagynda ereýän plitalaryň galyndylary däl-de, dört milliard ýyl mundan ozal mantiýanyň emele gelmegi bilen galan, kremniýe baý gadymy materialdyr. Başga bir pikir boýunça, bu eredilen maddalaryň hereketi bilen bir ýerde toplanan, demire baý gaýalaryň gatyşygydyr. Hünärmenlet bu mesele boýunça anyk jogap bermek üçin has köp maglumat we täze barlag usullarynyň zerurdygyny belleýärler.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026