HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan GDA ýurtlaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerine goşulmaga çagyrdy

Ýanwar 23, 2025 | 16:03 |6196
22-nji ýanwarda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky bölüminde geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň garamagyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparyň mejlisinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi, Türkmenistanyň Ykdysady meseleler boýunça toparyndaky doly ygtyýarly wekili Esen Aýdogdyýew “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada” maglumatlar bilen çykyş etdi22-nji ýanwarda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky bölüminde geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň garamagyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparyň mejlisinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi, Türkmenistanyň Ykdysady meseleler boýunça toparyndaky doly ygtyýarly wekili Esen Aýdogdyýew “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada” maglumatlar bilen çykyş etdi
Çeşme: russia.tmembassy.gov.tm

22-nji ýanwarda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky bölüminde geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň garamagyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparyň mejlisinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi, Türkmenistanyň Ykdysady meseleler boýunça toparyndaky doly ygtyýarly wekili Esen Aýdogdyýew “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada” maglumatlar bilen çykyş etdi.

Ilçi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýada “2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama öňe sürüldi we 86 döwletiň awtordaşlygynda kabul edildi. Kararnamada Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasgoýujy maksatlary we ýörelgeleri, hususan-da, ýüze çykýan jedelli meseleleri parahatçylykly serişdeler we usullar arkaly çözmek baradaky borçnamalar öz beýanyny tapdy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde çäreleri bilelikde geçirmek barada teklip öňe sürüldi, bu Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işine mahsus bolan maksatlara ýetmek üçin bitewiligiň we hyzmatdaşlygyň tassyknamasynyň biri bolar.

“2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen “Dialog parahatçylygyň kepili” diýen halkara gatnaşyklardaky täze filosofiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçýändiginiň beýany boldy.

“Türkmenistan 2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar. Hakykatda, Türkmenistanyň başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologiki we amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr.

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek uly halkara forumy naýbaşy waka bolar” diýip, Konsepsiýada beýan edilýär.

Konsepsiýanyň doly görnüşi bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026