HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda işewürligiň sanly transformasiýasy: EDI tehnologiýasynyň resminama dolanyşygyny aňsatlaşdyrýandygy barada

Ýanwar 23, 2025 | 17:40 |7514
EDI (maglumatlaryň elektron alyş-çalşygy) – kompaniýalara sanly görnüşde resminamalary we maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa bolup, ol sargyt, üpjün etmek we hasaba almak işlerini ep-esli derejede aňsatlaşdyrýar. Sanlylaşdyrma geçmegiň çalt ösýän şertlerinde şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagy işewürligi netijeli alyp barmak üçin örän möhüm bolup durýar.EDI (maglumatlaryň elektron alyş-çalşygy) – kompaniýalara sanly görnüşde resminamalary we maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa bolup, ol sargyt, üpjün etmek we hasaba almak işlerini ep-esli derejede aňsatlaşdyrýar. Sanlylaşdyrma geçmegiň çalt ösýän şertlerinde şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagy işewürligi netijeli alyp barmak üçin örän möhüm bolup durýar.
Çeşme: “Belli Tilsimat” 1C Sertifisirlenen bilim merkezi tarapyndan berildi

Şu gün, 23-nji ýanwarda “Arkaç” söwda-medeni dynç-alyş merkeziniň “Iş Nokady” maslahatlar zalynda “Elektron täjirçilik resminama dolanyşygy (EDI): Türkmenistanyň işewürligi we ugrukdyryjylary üçin täsirler” atly mowzuk bilen seminar geçirildi. Çäre 70-e golaý gatnaşyjyny, şol sanda işewürligiň wekillerini, şeýle hem žurnalistleri ýygnady. Çärä gatnaşmak mugt esasda amala aşyryldy.

1

EDI (maglumatlaryň elektron alyş-çalşygy) – kompaniýalara sanly görnüşde resminamalary we maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa bolup, ol sargyt, üpjün etmek we hasaba almak işlerini ep-esli derejede aňsatlaşdyrýar. Sanlylaşdyrma geçmegiň çalt ösýän şertlerinde şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagy işewürligi netijeli alyp barmak üçin örän möhüm bolup durýar.

2

Seminarda belarus bilermenleri çykyş edip, olar EDI tehnologiýasyny işe ornaşdyrmak tejribeleri bilen paýlaşdylar. Çäräniň guramaçylary bolup “Belli Tilsimat” 1C Sertifisirlenen bilim merkezi, “Akylly Tilsimat” kompaniýasy hem-de Aşgabatda “SOFTKLUB” şahamçasy çykyş etdiler. “Belli Tilsimat” merkeziniň baş direktory Farruh Tagiýew duşuşygy gutlag sözi bilen açyp, sanly transformasiýa şertlerinde hyzmat ediş hilini ýokarlandyrmakda elektron resminama dolanyşygynyň wajyplygy barada belledi.

![3](https://orient.tm/storage/app/media/ru/2025/01/6.%20%D0%9F%D1%80%D0%B5%D0%B7%D0%B5%D0%BD%D1%82%D0%B0%D1%86%D0%B8%D1%8F%20%D1%8D%D0%BA%D1%81%D0%BF%D0%B5%D1%80%D1%82%D0%BE%D0%B2.jpg)

Seminarda harytlaryň identifikasiýasy hem-de söwda amallarynyň gatnaşyjylary üçin halkara standartlary ulanmak meselesine aýratyn üns berildi. Harytlaryň aýdyňlygy, olara gözegçilik etmek, kysymyny kesgitlemek, şeýle hem hasabat ulgamlaryň integrasiýasy (ERP) we EDI – bularyň ählisi hem-de olaryň maglumatlaryň elektron alyş-çalşygynyň ösüşine hem-de üpjün ediş zynjyrlaryň işini aňsatlaşdyrmaga ýetirýän täsirine üns bermek bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

4

Ýurduň ugrukdyryjylaryň işine EDI tehnologiýasynyň integrasiýasy hem seminaryň çäklerinde maslahatlaşdy. Şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy döwlet edaralarynyň işini gowulandyryp, sertifikasiýa işini çaltlaşdyrmaga hem-de işewürlik bilen özara gatnaşygy aňsatlaşdyrmaga ýardam berjekdigine garaşylýar.

Seminar öňdebaryjy bilimleri alyşmak hem-de Türkmenistanda sanly infrastrukturany ösdürmek boýunça bilelikdäki işi alyp barmak maksady bilen türkmen we belarus kärdeşleriň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boldy. Hem hususy, hem döwlet böleklerinde täjirçilik işini gowulandyrmak üçin EDI tehnologiýasyny ulanmak mümkinçilikleri bu seminaryň esasy pursady boldy.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026