HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýanyň talyplary Hytaýyň medeniýetine aralaşýar

Ýanwar 23, 2025 | 15:50 |9681
Ýakynlaşyp gelýän Hytaýyň Täze ýyly – Çunsze, ýagny Bahar baýramynyň öň ýanynda, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Pakistan we beýleki ýurtlardan we sebitlerden bolan, Demirgazyk-Günbatar oba hojalyk we tokaý hojalygy uniwersitetinde okaýan 100-den gowrak talyp, Hytaýyň medeniýetine aralaşdylar. Bu çäre Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda, Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Siýan şäherinde geçirildiÝakynlaşyp gelýän Hytaýyň Täze ýyly – Çunsze, ýagny Bahar baýramynyň öň ýanynda, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Pakistan we beýleki ýurtlardan we sebitlerden bolan, Demirgazyk-Günbatar oba hojalyk we tokaý hojalygy uniwersitetinde okaýan 100-den gowrak talyp, Hytaýyň medeniýetine aralaşdylar. Bu çäre Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda, Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Siýan şäherinde geçirildi
Çeşme: russian.news.cn

Ýakynlaşyp gelýän Hytaýyň Täze ýyly – Çunsze, ýagny Bahar baýramynyň öň ýanynda, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Pakistan we beýleki ýurtlardan we sebitlerden bolan, Demirgazyk-Günbatar oba hojalyk we tokaý hojalygy uniwersitetinde okaýan 100-den gowrak talyp, Hytaýyň medeniýetine aralaşdylar. Bu çäre Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda, Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Siýan şäherinde geçirildi. Sinhuanyň habar bermegine görä, ekskursiýanyň dowamynda talyplar, Siýanyň Sin we Han nesilşalygy Muzeýine baryp, şol döwürlerde Hytaýyň siwilizasiýasynyň ösüşi barada giňişleýin maglumat aldylar. Bu muzeý Şensi taryhy muzeýiniň bir bölümi bolup durýar.

Siýanyň “Aýszýuý” däne we ýag senagat parkynda talyplar Gazagystanyň bugdaýyndan öndürilen un bilen hytaýyň baýramçylyk nahary üçin däp bolan “huamo” atly şekilli buglanan çörekleri taýýarladylar. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, Hytaý–Ýewropa (Hytaý–Merkezi Aziýa) halkara demirýol ýük gatnaw ugurlary boýunça ýurda getirilen harytlar, hytaý alyjylarynyň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar.

Geçirilen çäreler daşary ýurtly talyplara medeni gatnaşyklara gatnaşmaga we hytaý medeniýeti barada has giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berdi. Siýan dünýäniň iň gadymy şäherleriniň biri bolup, b.e.ö. 3000 ýyl mundan ozal döräpdir we gadymy Hytaýyň paýtagty hökmünde 13 imperator nesilşalyk döwürlerini başdan geçirdi. Geçmişde Merkezi Aziýadaky Merw we Siýanyň arasynda Beýik Ýüpek ýoly birleşdiriji bolup durýardy. Häzirki wagtda türkmen Mary şäheri bilen Siýan doganlaşan şäherlerdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026