HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dawos-2025 netijeleri hemmelere elýeterli boljak emeli aň özgerişini wada berýär

Ýanwar 23, 2025 | 15:10 |6178
Şweýsariýanyň kurort şäherçesi bolan Dawosda 20-24-nji ýanwar aralygynda dünýäniň iň uly we ähmiýetli ýyllyk wakalarynyň biri bolan Bütindünýä ykdysady forumy (BYF) geçirilýärŞweýsariýanyň kurort şäherçesi bolan Dawosda 20-24-nji ýanwar aralygynda dünýäniň iň uly we ähmiýetli ýyllyk wakalarynyň biri bolan Bütindünýä ykdysady forumy (BYF) geçirilýär
Çeşme: Keystone-SDA

Şweýsariýanyň kurort şäherçesi bolan Dawosda 20-24-nji ýanwar aralygynda dünýäniň iň uly we ähmiýetli ýyllyk wakalarynyň biri bolan Bütindünýä ykdysady forumy (BYF) geçirilýär. Bu ýyl, 55-nji gezek geçirilýän forumda dünýä liderleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, iri işewürlik wekilleri – ählumumy innowatorlar we tehnologiýa pionerleri, şeýle-de raýat jemgyýetiniň wekilleri jemlener. Dawos-2025-de 130-dan gowrak ýurtdan takmynan 3000 adam, şol sanda 350 golaý döwlet işgärleri we 60 döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşar. Guramaçylaryň pikirine görä, gatnaşýanlaryň köpdürlüligi dünýäniň iň möhüm meseleleriniň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmagyna we dürli ugurlary göz öňünde tutýan çözgütleriň işlenip düzülmegine esas döredýär.

«Intellektual döwürde hyzmatdaşlyk» şu ýylyň forumynyň mowzugy boldy. Bäş gün dowam etjek forumda gatnaşyjylar geosyýasy ýagdaýy, geoykdysady durnuksyzlygy, söwda dartgynlylygyny, medeni gapma-garşylyklary, howanyň üýtgemegi bilen bagly kynçylyklary we şeýle-de emeli intellekt, kwant hasaplamalary we biotehnologiýalar ýaly çalt ösýän we geljegi uly bolan innowasiýalary ara alyp maslahatlaşarlar. Olaryň esasy maksady önümçiligi we adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bolar.

BYF-yň prezidenti Börge Brendeniň aýtmagyna görä, häzirki forum soňky birnäçe nesilleriň iň çylşyrymly geosyýasy şertlerinde geçirilýär. Dawosdaky forum döwletara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini wagyz etmek bilen birlikde, “emeli aň özgerişi” wada berýär we onuň netijeleriniň hemmeler üçin elýeterli boljakdygyny belleýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, amerikan Workday kompaniýasy EA iş ýerlerine edýän täsirini öwrenmek boýunça geçirlen barlagynda, bu tehnologiýanyň «başarnyklar özgerişiň» çalt ösüşe ýardam ediji boljakdygyny netijä geldi. Bu özgerişiň dowamynda döredijilik, empatiýa we etiki çözgütleri kabul etmek ýaly adam häsiýetleri iň gymmatly baýlyklaryň birine öwrüler. Workday kompaniýasynyň wise-prezidenti BYF-yň kompaniýalara we hökümetlere iş ýerleriniň, başarnyklaryň we düzgünleriň dünýäniň dürli künjeklerinde üýtgeýşini we adamlaryň häzirki zaman tehnologiýalary bilen nähili özara hereket edýändigini gözden geçirmek üçin platforma hödürleýändigine ynanýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026