HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-nyň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşine Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Konsepsiýasy hödürlendi

Ýanwar 23, 2025 | 13:45 |7233
2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Minskde Täjigistanyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy-döwletleriň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň şu ýylky birinji mejlisi geçirildi. 
Mejlise GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem-de Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy Ahmad Saidmurodzoda gatnaşdy. A.Saidmurodzoda 2025-nji ýyl üçin Täjigistanyň GDA-da başlyklyk etmekliginiň Konsepsiýasyny hem-de ony durmuşa geçirmegiň Iş meýilnamasyny hödürledi. GDA-nyň strategiki resminamalarynda kesgitlenen esasy wezipelere we maksatlara ýetmekde ýardam bermek, şeýle hem Guramanyň işini kämilleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp malahatlaşmak başlyklyk etmekligiň esasy maksady boldy.2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Minskde Täjigistanyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy-döwletleriň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň şu ýylky birinji mejlisi geçirildi. 
Mejlise GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem-de Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy Ahmad Saidmurodzoda gatnaşdy. A.Saidmurodzoda 2025-nji ýyl üçin Täjigistanyň GDA-da başlyklyk etmekliginiň Konsepsiýasyny hem-de ony durmuşa geçirmegiň Iş meýilnamasyny hödürledi. GDA-nyň strategiki resminamalarynda kesgitlenen esasy wezipelere we maksatlara ýetmekde ýardam bermek, şeýle hem Guramanyň işini kämilleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp malahatlaşmak başlyklyk etmekligiň esasy maksady boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Minskde Täjigistanyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy-döwletleriň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň şu ýylky birinji mejlisi geçirildi. Mejlise GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem-de Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy Ahmad Saidmurodzoda gatnaşdy. A.Saidmurodzoda 2025-nji ýyl üçin Täjigistanyň GDA-da başlyklyk etmekliginiň Konsepsiýasyny hem-de ony durmuşa geçirmegiň Iş meýilnamasyny hödürledi. GDA-nyň strategiki resminamalarynda kesgitlenen esasy wezipelere we maksatlara ýetmekde ýardam bermek, şeýle hem Guramanyň işini kämilleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp malahatlaşmak başlyklyk etmekligiň esasy maksady boldy.

Täjigistanyň başlyklyk etmekligi Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bilelikdäki başlyklar bilen ýakyn utgaşdyrylmagynda alnyp barylar.

Çäräniň dowamynda ozal Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan mejlisiň gün tertibine girizilen goşmaça meselelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyaýrly ilçisi, GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew tanyşdyrylyş nutuk bilen çykyş etdi.

Şagulyýew mejlise gatnaşyjylara “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda Türkmenistanda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi barada habar berip, Ýylyň çäginde Türkmenistanyň bu ýylyň dowamynda ileri tutuýan ugurlary boýunça geçiriljek çäreleriň Konsepsiýasy bilen tanyşdyrdy.

Ilçi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň dekabr aýynda iri halkara forumynyň geçirilmegi esasy waka boljakdygyny belledi.

Duşuşykda GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Arkalaşyga gatnaşyjy-döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleri geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemläp, Geňeşiň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyny tassykladylar. Şeýle-de, 11-nji aprelde Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň indiki mejlisine taýýarlyk işler barada maslahatlaşyldy. Onda howpsuzlyk we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026