HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyň gümrük edarasynyň wekilleriniň Aşgabada iş sapary amala aşyryldy

Ýanwar 23, 2025 | 11:08 |5509
2025-nji ýylyň 21-22-nji ýanwary aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň wekiliýetiniň Aşgabada iş sapary amala aşyryldy. Saparyň maksady – 2025-nji ýyldan 2026-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük edaralarynyň bilelikdäki iş meýilnamasyny durmuşa geçirmekden ybarat boldy.2025-nji ýylyň 21-22-nji ýanwary aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň wekiliýetiniň Aşgabada iş sapary amala aşyryldy. Saparyň maksady – 2025-nji ýyldan 2026-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük edaralarynyň bilelikdäki iş meýilnamasyny durmuşa geçirmekden ybarat boldy.
Çeşme: customs.gov.tm

2025-nji ýylyň 21-22-nji ýanwary aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň wekiliýetiniň Aşgabada iş sapary amala aşyryldy. Saparyň maksady – 2025-nji ýyldan 2026-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük edaralarynyň bilelikdäki iş meýilnamasyny durmuşa geçirmekden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Saparyň dowamynda iki ýurduň gümrük edarasynyň iş maslahaty geçirildi, onda 2024-nji ýyldaky hyzmatdaşlygynyň netijeleri, Howdan-Bajgyran, Artyk-Lotfabad we Sarahs-Sarahs gümrük nokatlarynda özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gümrük serhetlerinden ýük akymlaryny artdyrmak, gümrük gözegçiligini netijeli guramak we harytlaryň eksport we üstaşyr geçiş wagtynda gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreşiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ygtyýarly ykdysady amallar babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, mundan beýläk öňüni almak maksady bilen ýüze çykarylan düzgün bozmalar barada maglumat alyşmak, iki tarapdaky daşary ykdysady işjeňlige gatnaşyjylary gümrük düzgünleri bilen tanyşdyrmak üçin bilelikdäki çäreleri geçirmek barada karar kabul edildi.

Duşuşyk gutaranyndan soňra wekiliýet ýaňy-ýakynda açylyp ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Gözegçilik-seljeriş merkezine baryp gördiler.

Eýranly kärdeşleriň iş sapary Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine we Halkara gümrük terminalyna baryp görmek bilen tamamlandy.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026