HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Samsung 2025-nji ýylda täze modelleriñ ilkinji tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi

Ýanwar 23, 2025 | 10:50 |7504
2025-nji ýylyñ 22-nji ýanwarynda Samsung täze modelleriniñ "Galaxy Unpacked 2025" atly şu ýylky ilkinji tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.2025-nji ýylyñ 22-nji ýanwarynda Samsung täze modelleriniñ "Galaxy Unpacked 2025" atly şu ýylky ilkinji tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
Çeşme: engadget.com

2025-nji ýylyñ 22-nji ýanwarynda Samsung täze modelleriniñ "Galaxy Unpacked 2025" atly şu ýylky ilkinji tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

Çärede üç flagman smartfonlar bilen tanyşdyryldy: Galaxy S25, Galaxy S25 Plus we Galaxy S25 Ultra. Bu enjamlar diñe bir döwrebap dizaýni bilen däl-de, eýsem ýokary tehniki aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

Mysal üçin, täze goýberilişiñ iñ uly, iri we häzirki zaman modeli Galaxy S25 Ultra 1 Tb möçbere çenli ýada eýedir, bu hem ony maglumatlary saklamagyñ uly möçberi gerek bolan ulanyjylar üçin birkemsiz model edýär.

Smartfonyñ daşky gaby titandan ýasalan, ekrany bolsa täze Gorilla Armor 2 gorag aýnasy bilen örtülen. Gorag ortügiñ ikinji nesli has uly berklige eýe bolup, jaýyñ içinde we daşarda üstki ýagtylygy ep-esli derejede azaldýan şöhlä garşy häsiýetleriñ netijesinde displeýiñ şekil geçirişiniñ has uly takyklygyny üpjün edýär.

Samsung täze smatrfonlaryñ programma mümkinçiligine üns berýär. Şeýlelikde, One UI 7 özboluşly daşynyñ netijesinde olar hakyky EA-kömekçileri bolup, ulanyjynyñ zerurlyklaryna we isleglerine düşünýärler hem-de şahsylaşdyran EA-mümkinçiliklerini hödürleýärler. Kompaniýa täze modelleri tekstleri, dili, şekli we wideolary kabul edip bilýän multimodal EA-agentleri bilen enjamlaşdyrdy.

Şeýle-de dabarada Galaxy garyşyk hakykylyk şlemi we Galaxy Ring akylly ýüzügiñ ikinji nesli görkezildi.

Galaxy Unpacked tanyşdyrylyş dabaranyñ soñunda kompaniýa Galaxy S25 Edge iñ arzyly täze modelini görkezdi. Ol şu ýylyñ Samsung flagman goýberilişiniñ añrybaş modeli bolup, galyñlygy bary-ýogy 6,4 mm-dir.

Satuwlar 2025-nji ýylyñ 4-nji fewralynda başlaýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026