HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türk myhmanhanasyndaky ýangynyň netijesinde heläk bolan adamlaryň sany 76 ýetdi

Ýanwar 22, 2025 | 16:15 |6779
Türkiýäniň Bolu welaýatyndaky Kartalkaýa dag-lyža kurortynda ýerleşýän Grand Kartal myhmanhanasynda bolup geçen ýangyn ýurtda soňky döwrüň iň pajygaly heläkçilikleriň biri boldy. Soňky maglumatlara görä, heläk bolan adamlaryň sany 76 ýetdi.Türkiýäniň Bolu welaýatyndaky Kartalkaýa dag-lyža kurortynda ýerleşýän Grand Kartal myhmanhanasynda bolup geçen ýangyn ýurtda soňky döwrüň iň pajygaly heläkçilikleriň biri boldy. Soňky maglumatlara görä, heläk bolan adamlaryň sany 76 ýetdi.
Çeşme: aa.com.tr

Türkiýäniň Bolu welaýatyndaky Kartalkaýa dag-lyža kurortynda ýerleşýän Grand Kartal myhmanhanasynda bolup geçen ýangyn ýurtda soňky döwrüň iň pajygaly heläkçilikleriň biri boldy. Soňky maglumatlara görä, heläk bolan adamlaryň sany 76 ýetdi.

Türkiýäniň içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa 52 sany pida bolanlaryň şahsyýetleriniň kesgitlenendigi hem-de 45 sany jesediň garyndaşlaryna berilendigi barada habar berdi. Ministr olaryň maşgalalaryna we ähli türk halkyna öz gynançlaryny bildirdi.

Ýangyn wagty myhmanhanada 234 adam bardy. Deslapky maglumatlara görä, ýangyn dördünji gatda ýerleşýän restoran zolagynda ýerli wagt boýunça sagat 03:27 döredi. Ýangyn söndürijiler wakanyň bolup geçen ýerine sagat 04:15 geldiler, emma binanyň agaç gurluşy ýangynyň çalt ýaýbaňlanmagyna sebäp boldy.

Bu waka bilen baglanyşykly dokuz adam, şol sanda myhmanhanyň eýesi tussag edildi.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 22-nji ýanwary ýurtda matam güni diýip yglan etdi.

Ýangynyň sebäpleri heniz anyklanmady. Prokuratura derňew işlerini geçirip, olar on günüň dowamynda tamamlanmaly.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026