HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň ICI Buharest instituty bilen sanly hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Ýanwar 22, 2025 | 14:33 |5640
2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Informatika boýunça Milli barlag we işläp tayyarlama instituty (ICI Buharest) binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew bilen bu institutyň Baş direktory Adrian-Wiktor Wewera bilen duşuşygy geçirildi.2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Informatika boýunça Milli barlag we işläp tayyarlama instituty (ICI Buharest) binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew bilen bu institutyň Baş direktory Adrian-Wiktor Wewera bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: newscentralasia.net

2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Informatika boýunça Milli barlag we işläp tayyarlama instituty (ICI Buharest) binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew bilen bu institutyň Baş direktory Adrian-Wiktor Wewera bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Adrian-Wiktor Wewera institutyň häzirki gözleg taslamalaryny we ICI Rumyniýanyň sanly transformasiýasyna goşandyny tanyşdyrdy. Şeýle hem, ol institutyň halkara hyzmatdaşlary bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin açykdygyny, munuň iki ýurda-da peýdaly boljakdygyny nygtady.

Duşuşykda iki ýurduň gözleg, tehnologik ösüş we sanlylaşdyrmak ugrundaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny güýçlendirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kiber-diplomatiýa, emeli intellekt we blokçeýn ýaly umumy gyzyklanma döredýän mowzuklar we şol tehnologiýalaryň durnukly ykdysadyýeti goldamakdaky orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Adrian-Wiktor Wewera 2025-nji ýylyň 8–11-nji aprelinde Buharestde geçiriljek sanly innowasiýalar Sammiti barada maglumat berdi. Munuň bilen baglylykda, rumyn tarapy türkmen wekilçiligini bu Sammite gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026