HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Monakoda “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Ýanwar 22, 2025 | 10:27 |7941
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň çäklerinde “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdyTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň çäklerinde “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň çäklerinde “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda fransuz işewüri Türkmenistanyň ak mermer paýtagtynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ägirt uly binagärlik meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak mümkinçiligine çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Belli fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri öz gezeginde Marten Buige döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi we abraýly daşary ýurt kompaniýalary şol sanda ýurduň ygtybarly işewür hyzmatdaşy “Buig” kompaniýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanda şeýle hem köp sanly dostlykly ýurtlarda Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy, şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşmalaryň dowamynda Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýanyň üstünlikli işlemek üçin amatly şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan “Buig” kompaniýasynyň durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky tekliplere seretmäge taýýardygyny nygtaty.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki çözgütleriň, milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň sazlaşdyrylmagynyň, bu işlere döredijilikli çemeleşilmeginiň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagynyň, ekologik howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugrudygyny nygtady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026