HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Katarda ýylyň şygaryna bagyşlanyp çäre geçirildi

Ýanwar 22, 2025 | 10:55 |5834
2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tanaşdyryş dabarasy guraldy. Bu çärä jemgyýetçilik edaralaryň, diplomatik wekilhananyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň wekilleri gatnaşdylar.2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tanaşdyryş dabarasy guraldy. Bu çärä jemgyýetçilik edaralaryň, diplomatik wekilhananyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy

2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tanaşdyryş dabarasy guraldy. Bu çärä jemgyýetçilik edaralaryň, diplomatik wekilhananyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli şeýle hem Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp ýurdumyzda ýokary derejede geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem-de Çuňňur Hormatlynylýan Döwlet Baştutanlarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserler bilen tanyşdyryldy.

1 Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy.jpeg

Şeýle hem, türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Dialog parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklardaky täze filosofiýanyň durmuşa geçirilmegi hem-de ýurdumyzyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlarynyň derwaýysdygy bellenilip, halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti nygtaldy.

2 1 Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy.jpeg

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026