HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şu gün Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda möhetden öňki ses berme başlanýar

Ýanwar 21, 2025 | 14:30 |9572
Şu gün, 2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Belarusda Prezident saýlawlarynda möhletden öňki ses berme başlanýar diýip, BELTA habar berýär.Şu gün, 2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Belarusda Prezident saýlawlarynda möhletden öňki ses berme başlanýar diýip, BELTA habar berýär.
Çeşme: belta.by

Şu gün, 2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Belarusda Prezident saýlawlarynda möhletden öňki ses berme başlanýar diýip, BELTA habar berýär.

Saýlawlaryň bu tapgyry 25-nji ýanwara çenli dowam edip, saýlawçylar bäş günüň dowamynda öz seslerini berip bilerler. Meýdança toparlary sagat 12:00-den 19:00-e çenli arakesmesiz işlär. Ses bermäniň esasy güni ýanwar aýynyň 26-na bellenen. Şol gün meýdançalar sagat 8:00-de açylyp, 20:00-de ýapylar.

Belarusda prezident saýlawlarynda ses bermek üçin 5320-den gowrak saýlaw meýdançalary döredildi.

Möhletden öňki ses berme Belarusda saýlaw porsesiniň möhüm bölegi hasaplanylýar, we ol saýlawlaryň esasy gününde saýlaw meýdançasyna gelip bilmedik raýatlara öz saýlaw hukugyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Saýlaw güni saýlawçylaryň arzalary boýunça öýde ses berip bolýar. Eger-de saýlawçy saglyk ýagdaýy we beýleki sebäplere görä ses berilýän bina baryp bilmese, ol degişli meýdança toparyna ýazmaça we dilden ýüz tutup, özüniň ýerleşýän ýerinde ses bermegi amala aşrymaga haýyş edip bilýär. Saýlawçy beýleki adamlaryň, mysal üçin, garyndaşlarynyň ýa-da goňşularynyň kömegi bilen meýdança toparyna şunuň ýaly haýyşy ýetirip biler.

Şu ýyl ýokary döwlet wezipesine bäş dalaşgär dalaş edýär, şol sanda häzirki prezident Aleksandr Lukaşenko hem-de beýleki meşhur syýasatçylar.

Şeýle-de Belarusda “sessizlik gününiň” ýokdygyny bellemeli. Bu bolsa ses bermäniň esasy gününe çenli dalaşgärler üçin agitasiýa işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026