HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ -nyň 47-nji Prezidenti Donald Tramp wezipesine girişdi

Ýanwar 20, 2025 | 22:35 |7655
Donald Trampyň ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti hökmünde kasam kabul edişlik dabarasy Kongresiň merkezi Rotonde zalynda geçirildi. Respublikan partiýasyndan bolan D.Tramp konstitusiýa we ýurda wepaly bolmak barada kasam kabul etdi diýip, “Euronews” habar berýärDonald Trampyň ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti hökmünde kasam kabul edişlik dabarasy Kongresiň merkezi Rotonde zalynda geçirildi. Respublikan partiýasyndan bolan D.Tramp konstitusiýa we ýurda wepaly bolmak barada kasam kabul etdi diýip, “Euronews” habar berýär
Çeşme: Getty Images

Donald Trampyň ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti hökmünde kasam kabul edişlik dabarasy Kongresiň merkezi Rotonde zalynda geçirildi. Respublikan partiýasyndan bolan D.Tramp Konstitusiýa we ýurda wepaly bolmak barada kasam kabul etdi diýip, “Euronews” habar berýär.

Men Donald Jon Tramp, Birleşen Ştatlaryň Prezidentiniň wezipesini ak ýürekden ýerine ýetirjekdigime we Birleşen Ştatlaryň Konstitusiýasyny goramak we goldamak üçin ähli tagallalary etjekdigime dabaraly ýagdaýda kasam edýärin. Bu işde Hudaý maňa kömek etsin” – diýip, onuň öňünde maşgalasy Melaniýanyň saklap duran Injil kitabyna çep elini goýup, däp bolan kasamy okady.

Tramp ABŞ-nyň taryhynda arakesme bilen iň ýokary döwlet wezipesini eýelän ikinji Prezident boldy. Ondan öň bu üstünligi diňe Grower Kliwlende (1885-1889-njy ýyllarda we 1893-1897-nji ýyllarda 22-nji we 24-nji Prezidenti) gazanmak başardypdy. Indi Tramp ABŞ-nyň 45-nji we 47-nji Prezidenti.

Doland Tramp kasam kabul eden badyna Kapitoliýa baýrynyň üstünden artilleriýa ýaragynyň 21 gezek sesi ýaňlandy. Birnäçe minut öň – däp-dessurlara laýyklykda – ABŞ-nyň 40 ýaşly wise-prezidenti Jeýms Dewid Wens kasam kabul etdi. Şeýlelik bilen, Trampyň administrasiýasy dört ýyllyk möhlet bilen işini başlady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026