HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Gümrük gullugynyň ýanyndaky täze Gözegçilik-seljeriş merkezi işläp başlady▶️

Ýanwar 20, 2025 | 17:17 |10303
Şu gün, 20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky täze Gözegçilik-seljeriş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Täze merkez hakyky wagt tertibinde gümrük desgalaryna uzak aralykdan gözegçilik etmek üçin niýetlenen.Şu gün, 20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky täze Gözegçilik-seljeriş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Täze merkez hakyky wagt tertibinde gümrük desgalaryna uzak aralykdan gözegçilik etmek üçin niýetlenen.
Çeşme: Orient.tm

Şu gün, 20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky täze Gözegçilik-seljeriş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Täze merkez hakyky wagt tertibinde gümrük desgalaryna uzak aralykdan gözegçilik etmek üçin niýetlenen.

1 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyny.jpg

Merkeziň hünärmenleri şol bada monitoringi we ýurduň ähli gümrük nokatlarynda gümrük amallaryň seljerişini amala aşyrýarlar. Merkez häzirki zaman enjamlar we programma üpjünçiligi bilen enjamlaşdyrylyp, olar onlaýn-görnüşinde gümrük gözegçilik nokatlaryndan harytlaryň we ýükleriň geçirilmegine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Bu hem geçiriliş nokatlarynda harytlaryň we ýükleriň geçirilmeginde gümrük edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrar.

2 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyny.jpg

Şeýle-de Merkez pudagara hyzmatdaşlygy we awtomobil, demirýol geçirliş nokatlarynyň, şeýle hem howa menzillerinde gümrük desgalarynyň gözegçiligini hem güýçlendirer. Täze tehnologiýalaryň kömegi bilen Merkeziň hünärmenleri maglumatlary merkezleşdirip ýygnap, işläp we seljerip bilerler, bu bolsa hukuk goraýjy edaralarynyň seljeriş mümkinçiliklerini ýokarlandyrar.

3 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyny.jpg

Täze Gözegçilik-seljeriş merkezinde gije-gündiz monitoringi üçin oňaýly şertler döredilen. Iş zolagy işgärleriň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur bolan amatlyklar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan. Şeýle hem, dynç-alyş zolaklar, ýygnaklary we maslahatlary geçirmek maksady bilen onlaýn-maslahatlar üçin ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýörite zal göz öňünde tutulan.

4 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyny.jpg

Merkeziň açylmagy Türkmenistanda gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak we awtomatlaşdyrmak ugrunda ýene bir ädim bolup durýar.

5 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyny.jpg

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Döwlet gümrük gullugyna 7 sany awtomobil sowgat berildi.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026