HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Brýusselde türkmen sungatynyň özboluşly önümleri görkezildi

Ýanwar 20, 2025 | 14:17 |7392
19-njy ýanwarda Brýusseliň abraýly Sablon galereýa sebitinde, dünýäniň ähli künjeginden sungat bilermenleriniň, medeniýet işgärleriniň we kolleksiýonerlaryň ýygnanýan ýerine öwrülen ýerde, özboluşly medeni çäre geçirildi. Türkmenistana degişli senetçilik işleri, şol sanda däp bolan şaý-sepler, halylar, dokma önümleri we beýleki amaly-haşam sungat eserleri aýratyn galereýada sergilendi19-njy ýanwarda Brýusseliň abraýly Sablon galereýa sebitinde, dünýäniň ähli künjeginden sungat bilermenleriniň, medeniýet işgärleriniň we kolleksiýonerlaryň ýygnanýan ýerine öwrülen ýerde, özboluşly medeni çäre geçirildi. Türkmenistana degişli senetçilik işleri, şol sanda däp bolan şaý-sepler, halylar, dokma önümleri we beýleki amaly-haşam sungat eserleri aýratyn galereýada sergilendi
Çeşme: newscentralasia.net

19-njy ýanwarda Brýusseliň abraýly Sablon galereýa sebitinde, dünýäniň ähli künjeginden sungat bilermenleriniň, medeniýet işgärleriniň we kolleksiýonerlaryň ýygnanýan ýerine öwrülen ýerde, özboluşly medeni çäre geçirildi. Türkmenistana degişli senetçilik işleri, şol sanda däp bolan şaý-sepler, halylar, dokma önümleri we beýleki amaly-haşam sungat eserleri aýratyn galereýada sergilendi.

d4de6f47-c460-473b-8519-b2c9618753d3.jpeg

Bu çärä, Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, giň tomaşaçy köpçüligi, şol sanda ilçiler, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri we Merkezi Aziýanyň baý medeniýetine gyzyklanma bildirýän medeniýet işgärleri gatnaşdy.

a2e678a.jpeg

Çäräniň çäginde Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow çykyş edip, Merkezi Aziýa we Türkmenistanyň halklarynyň durmuşynda medeniýetiň aýrylmaz bölekdigini belläp geçdi. Ilçi, şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyny belleýändigini, şeýle-de 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigini nygtady.

IMG_6808.jpeg

Sergide Türkmenistanyň medeni aýratynlygyna üns berildi. Ol köküni taryhyň müňýyllyklaryň jümmüşinden, b.e.ö. döwürden alyp gaýdýan köp asyrlyk taryhy şöhlelendirýär. Myhmanlara baý mazmunly çäreler – medeni düzüm bölekleriniň nesilden-nesle geçirilip, häzirki zaman şertlerinde nädip saklanyp galýandygyny açyp görkezýän tanyşdyrylyş dabarasy görkezildi.

Türkmenistanyñ medeniýeti dünýäni parahatlyga, hyzmatdaşlyga we özara düşünişmäge çagyrýar, medeniýetiñ serhetlere we aralyklara garamazdan halklary birleşdirýän umumy dil bolup durýandygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026