HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrýar

Ýanwar 19, 2025 | 22:25 |6786
Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasy, ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça birnäçe amaly teklibi hödürledi. 2025-nji ýylda Aşgabatda Parlamentara gepleşigiň nobatdaky duşuşygy hem-de Merkezi Aziýa we ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 20-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa Komissiýasynyň komissarynyň Türkmenistana sapar etmegine garaşylýarGeçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasy, ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça birnäçe amaly teklibi hödürledi. 2025-nji ýylda Aşgabatda Parlamentara gepleşigiň nobatdaky duşuşygy hem-de Merkezi Aziýa we ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 20-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa Komissiýasynyň komissarynyň Türkmenistana sapar etmegine garaşylýar
Çeşme: orient.tm

Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasy, ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça birnäçe amaly teklibi hödürledi. 2025-nji ýylda Aşgabatda Parlamentara gepleşigiň nobatdaky duşuşygy hem-de Merkezi Aziýa we ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 20-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa Komissiýasynyň komissarynyň Türkmenistana sapar etmegine garaşylýar.

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň, Ýewropa Geňeşiniň hem-de Ýewropa Komissiýasynyň başlyklarynyň arasynda şu ýylyň aprelinde Samarkantda geçiriljek duşuşyga gatnaşar. Türkmenistanda aýratyn ähmiýet berilýän gender syýasatynyň ileri tutulýandygy bilen baglylykda, aprel aýynyň ilkinji on günlüginde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan liderleriniň forumyny guramak teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilim, ekologiýa, aýlanyşyk ykdysadyýetiň ösüşi we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri hem gözden geçirdi. Iki taraplaýyn we sebitleýin derejede dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň tejribesine daýanmak bilen, Aşgabat gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär. Hususan-da, "Horizon Europe" we Marie Skłodowska-Curie Actions maksatnamalarynyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynyň maksatnamalary boýunça ylmy-bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de Ýewropa gözleg geňeşi (ERC) bilen akademik aragatnaşyklary ösdürmek meýilleşdirilýär.

"Horizon Europe" – Ýewropa Bileleşiginiň ylmy barlaglar we innowasiýalar babatynda esasy maliýeleşdiriş maksatnamasydyr. Maksatnama, ylmy barlaglaryň we innowasiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly ÝB syýasatlaryny goldamaga hem-de dünýä derejesindäki meseleleriň çözgüdine kömek edýär. Marie Skłodowska-Curie Actions (MSCA) maksatnamasy Horizon Europe maksatnamasynyň bir bölegi bolup, doktorlyk we postdoktorlyk derejesindäki alymlary taýýarlamak boýunça Ýewropa Bileleşiginiň esasy maksatnamasydyr. Türkmenistanyň Bilim ministrligine we Ylymlar akademiýasyna bu ugurda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda, hususan-da, «Merkezi Aziýa–Ýewropa Bileleşigi» formatynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleri giňeltmek boýunça hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurdaky işleri dowam etdirmek baradaky tabşyryklary berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026