Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ählumumy energetika bazarynyň öňdebaryjylaryny özüne çekýär

Ýanwar 19, 2025 | 02:30 |9582
Bu esasy ugur Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) wise-prezidenti Dipeş Meazurýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň we Malaýziýanyň "Petronas Çarigali Sdn. Bhd." kompaniýasynyň wekilleriniň ýakynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň esasy temasyna öwrüldi. Bu halkara energiýa ägirtleriniň wekilleri bilen bolan duşuşyk "Türkmennebit" döwlet konserniniň ýolbaşçylary tarapyndan geçirildiBu esasy ugur Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) wise-prezidenti Dipeş Meazurýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň we Malaýziýanyň "Petronas Çarigali Sdn. Bhd." kompaniýasynyň wekilleriniň ýakynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň esasy temasyna öwrüldi. Bu halkara energiýa ägirtleriniň wekilleri bilen bolan duşuşyk "Türkmennebit" döwlet konserniniň ýolbaşçylary tarapyndan geçirildi
Çeşme: turkmennebit.gov.tm

Bu esasy ugur Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) wise-prezidenti Dipeş Meazurýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň we Malaýziýanyň "Petronas Çarigali Sdn. Bhd." kompaniýasynyň wekilleriniň ýakynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň esasy temasyna öwrüldi. Bu halkara energiýa ägirtleriniň wekilleri bilen bolan duşuşyk "Türkmennebit" döwlet konserniniň ýolbaşçylary tarapyndan geçirildi. Gepleşikde taraplar nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan-da, uglewodorod serişdeleriniň çykarylmagy, gaýtadan işlenilmegi, türkmen nebitiniň we gazynyň eksport edilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň nebitgaz infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen bagly täze taslamalar barada gürrüň edildi. Duşuşyga gatnaşanlar tehnologiki ösüşiň ornaşdyrylmagyna we durnukly ösüşe maýa goýumyň zerurdygyny nygtap, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdiler.

Uzak möhletleýin we özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas döredýän ýurduň baý tebigy baýlyklary, syýasy we ykdysady durnuklylygy we amatly maýa goýum ýagdaýy halkara kompaniýalaryny özüne çekýär. Aşgabatdaky gepleşikler Türkmenistanyň we dünýäniň energetika bazarynyň öňdebaryjylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyry hökmünde baha berilýär. Çig mal we maliýe serişdeleriniň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň birleşmegi, hyzmatdaşlar üçin täze mümkinçilikleri döredip, Türkmenistanyň ählumumy energetika proseslerine goşulyşmagyna ýol açýar.

Energetika hyzmatdaşlygynyň ösüşinde 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi sapary we Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda BAE-ne eden iş sapary uly ähmiýetli boldy.

Kuala-Lumpurda Serdar Berdimuhamedow energetika, transport we tehnologiýany iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi. Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim bu ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmek babatynda taýýardygyny aýtdy. Saparyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalar bukjasynda Hazaryň türkmen bölegindäki "Toplum-I" şertnamalaýyn çägini özleşdirmek babatda Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň täjirçilik şertleri baradaky Teswirnama bar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-ne eden iş saparynyň çäginde hem möhüm resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda "Türkmengaz" we Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň arasynda "Galkynyş" gaz käniniň III tapgyrynyň özleşdirilmegi boýunça strategik hyzmatdaşlary çekmek hakyndaky Ähtnama bar.

Şeýle-de, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy öwrenmek barada "Türkmengaz" bilen ADNOC-yň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026