HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Oskar» baýragyna bolan gyzyklanma

Ýanwar 19, 2025 | 00:25 |7012
2024-nji ýylyň iň gowy filmlerini sylaglamak maksady bilen 2025-nji ýylyň mart aýynyň başynda geçiriljek Amerikan Kino Sungaty we Ylym Akademiýasynyň 97-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň töwereginde gyzgalaňly jedeller başlandy2024-nji ýylyň iň gowy filmlerini sylaglamak maksady bilen 2025-nji ýylyň mart aýynyň başynda geçiriljek Amerikan Kino Sungaty we Ylym Akademiýasynyň 97-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň töwereginde gyzgalaňly jedeller başlandy
Çeşme: korrespondent.net

2024-nji ýylyň iň gowy filmlerini sylaglamak maksady bilen 2025-nji ýylyň mart aýynyň başynda geçiriljek Amerikan Kino Sungaty we Ylym Akademiýasynyň 97-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň töwereginde gyzgalaňly jedeller başlandy. Meşhur ýazyjy Stiwen King Los-Anjelesde bolup geçen pajygaly ýagdaý sebäpli “Oskar” dabarasynyň ýatyrylmagyny talap etdi. Beýleki tarapdan bolsa, käbirleri bu dabaranyň güýçli ýangynlardan ejir çeken şäher ilaty üçin ruhlandyryjy we ünsüni başga zada sowmak üçin gowy mümkinçilik bolup biljekdigini aýdýarlar.

“Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy ilkinji gezek 1929-njy ýylda Los-Anjelesdäki “Ruzwelt” myhmanhanasynda, Akademiýanyň ýapyk banketinde geçirilipdi. 1930-njy ýylda bu dabaranyň ilkinji radiodaky ýaýlymy amala aşyryldy, 1953-nji ýylda bolsa telewideniýede ilkinji gezek görkezildi.

Amerikan Kino Akademiýasy eýýäm 97-nji “Oskar” dabarasyna taýýarlyk gördi. On kategoriýa boýunça iň gowy işler üçin gysgaldylan sanaw çap edilip, kinofilmleriň dünýäsi üçin ýylyň iň esasy wakasyna çenli resmi taýdan wagt sanawy başlady. 2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda “Oskar” baýragyna dalaşgärleriň atlary yglan ediler. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bolsa, nominasiýalar we ähtimal ýeňijiler bilen bagly başga maglumatlar giňden gürrüň edilýär.

97-nji “Oskar” dabarasy birnäçe täzelikleri bilen tapawutlanar. Ilkinji gezek dabaranyň göni ýaýlymda görkezilmegi üçin Hulu platformasy ulanylar.

Mundan başga-da, dabarany meşhur telewideniýe alyp baryjysy, ssenarist we komik Konan O’Braýen alyp barar. Şeýle hem, bu ýyldan başlap, doly metražly filmleriň “Iň gowy film” nominasiýasyna hödürlenmegi üçin iň azyndan ABŞ-nyň kino üçin ýokary tomaşaçy akymyna eýe bolan 50 bazarynyň 10-synda bir hepdelik görkezilişi bolmaly.

Bu ýyl Kinematografiýa Akademiýasy soňky gezek ýeňijileri 23 kategoriýa boýunça yglan eder. 2026-njy ýyldan başlap, täze bir kategoriýa – “Iň gowy kasting” goşular. Şeýle hem, kaskadýorlary we dürli çylşyrymly trýuk goýujylaryny sylaglamaga başlajakdygy barada çaklamalar bar. Kinoçylaryň arasynda bu täzelikleriň 2025-nji ýylyň “Oskar” dabarasynda yglan edilip-edilmejegi gyzgalaň bilen garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026