HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE-niň häkimiýeti ýurda aňsatlaşdyrylan giriş barada gürrüň berdi: türkmen syýahatçylary üçin peýdaly maslahat

Ýanwar 17, 2025 | 14:48 |7243
Birleşen Arap Emirlikleriň (BAE) häkimiýeti ýurda girişi ep-esli derejede aňsatlaşdyrýan “UAE Fast Track” ykjam gollanmasyndan syýahatçylara peýdalanmaklaryny teklip etdiler.Birleşen Arap Emirlikleriň (BAE) häkimiýeti ýurda girişi ep-esli derejede aňsatlaşdyrýan “UAE Fast Track” ykjam gollanmasyndan syýahatçylara peýdalanmaklaryny teklip etdiler.
Çeşme: content.presspage.com

Birleşen Arap Emirlikleriň (BAE) häkimiýeti ýurda girişi ep-esli derejede aňsatlaşdyrýan “UAE Fast Track” ykjam gollanmasyndan syýahatçylara peýdalanmaklaryny teklip etdiler. Şahsyýetiň, raýatlygyň identifikasiýasy, gümrük we portlaryň howpsuzlygy boýunça Federal müdirliginiň (ICP) belleýşi ýaly, bu gollanma birnäçe sekundyň içinde hasaba alnyş nokatlarynda durmaksyz ähli amallary geçmäge mümkinçilik berýär.

Gollanmany App Store we Google Play-den ýükläp alyp bolýar. Ony ulanmak üçin öňünden syýahat barada maglumatlary girizmeli, giriş ugruny saýlamaly (deňiz, howa ýa-da ýer porty) hem-de gelinýän senesini görkezmeli. Soňra smartfonyň kamerasy bilen pasporty skanerden geçirip, ýüzüň suratyny hem-de barmak yzlaryny düşürmeli. Ondan soň ulanyjy hasaba alnyşy tamamlap, habarlaşmak üçin hem-de beýleki zerur maglumatlary girizýär.

“UAE Fast Track” girişde ähli amallary geçmekde sarp edilýän wagty azaltmak maksady bilen syýahatçylaryň ýeňillikleri üçin döredildi. BAE barmak isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin gollanma syýahaty rahat we guramaçylykly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik berýän peýdaly gurala öwürip bilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026