HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşary ýurtda okamak üçin bilmeli zatlar

Ýanwar 17, 2025 | 00:05 |152030
Elbetde, köpler munuň üçin daşary ýurt dilini we daşary ýurt okuw jaýlaryna kabul etmegiň düzgünlerini bilmelidigini aýdarlar, mundan başga-da, nätanyş medeni gurşawa nädip uýgunlaşmalydygyna düşünmelidiris. Daşary ýurt uniwersitetlerine okamaga we halkara akademiki gurşawynda üstünlik gazanmagy meýilleşdirýän, ýaşlar üçin “Baky Tylla” bilim merkezi tarapyndan “Scholarly Skills” taslamasy bilen bilelikde gurnalan üç aýlyk uniwersitete taýýarlyk kursy bu meselede kömek edip biler. Onuň maksatnamasy, orta mekdebiň uçurymlarynyň we ýokary okuw mekdebine dalaşgärleriň uniwersitetlere üstünlikli girmek üçin zerur hünärleri ösdürmek maksady bilen ýörite işlenip düzüldiElbetde, köpler munuň üçin daşary ýurt dilini we daşary ýurt okuw jaýlaryna kabul etmegiň düzgünlerini bilmelidigini aýdarlar, mundan başga-da, nätanyş medeni gurşawa nädip uýgunlaşmalydygyna düşünmelidiris. Daşary ýurt uniwersitetlerine okamaga we halkara akademiki gurşawynda üstünlik gazanmagy meýilleşdirýän, ýaşlar üçin “Baky Tylla” bilim merkezi tarapyndan “Scholarly Skills” taslamasy bilen bilelikde gurnalan üç aýlyk uniwersitete taýýarlyk kursy bu meselede kömek edip biler. Onuň maksatnamasy, orta mekdebiň uçurymlarynyň we ýokary okuw mekdebine dalaşgärleriň uniwersitetlere üstünlikli girmek üçin zerur hünärleri ösdürmek maksady bilen ýörite işlenip düzüldi
Çeşme: orient.tm

Elbetde, köpler munuň üçin daşary ýurt dilini we daşary ýurt okuw jaýlaryna kabul etmegiň düzgünlerini bilmelidigini aýdarlar, mundan başga-da, nätanyş medeni gurşawa nädip uýgunlaşmalydygyna düşünmelidiris. Daşary ýurt uniwersitetlerine okamaga we halkara akademiki gurşawynda üstünlik gazanmagy meýilleşdirýän, ýaşlar üçin “Baky Tylla” bilim merkezi tarapyndan “Scholarly Skills” taslamasy bilen bilelikde gurnalan üç aýlyk uniwersitete taýýarlyk kursy bu meselede kömek edip biler. Onuň maksatnamasy, orta mekdebiň uçurymlarynyň we ýokary okuw mekdebine dalaşgärleriň uniwersitetlere üstünlikli girmek üçin zerur hünärleri ösdürmek maksady bilen ýörite işlenip düzüldi.

Kurs okamaga we ýazmaga taýýarlyk, standartlaşdyrylan SAT synagy esasynda matematika ýaly köp sanly mowzugy öz içine alýar, ýagny bu giriş kararlaryny kabul etmek üçin daşary ýurt kollejleriniň we uniwersitetleriniň köpüsi giriş synagynda ulanylýar. Şeýle hem, okuw meýilnamasy tankydy pikirleniş strategiýalary, akademiki ýazuw usullary, gözleg işi ukyplary, tanyşdyryş, wagt-menejmenti we täze gurşawa uýgunlaşma üçin psihologiki soraglar boýunça okuwlary öz içine alýar. Bu mowzuklary çuňňur öwrenmek üçin abraýly hünämenler, esasanam psihologiki uýgunlaşma, talyplara daşary ýurda durmuşa taýýarlanmaga we täze medeni şertlere uýgunlaşmak ugurlarynda öz tejribelerini paýlaşarlar.

Bular halkara akademiki gurşawda öwrenmek we üstünlik gazanmak boýunça hakyky tejribesi bolan hünärmenlerdir. Olaryň arasynda Portsmut uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary hukugy hünärini tapawutlanan diplom bilen tamamlan Annameňli Rozymyradowa hem bar. Onuň tejribesi talyplara daşary ýurda uniwersitet durmuşynda baş alyp çykmaga kömek edýär. Haddersfild uniwersitetini “Maglumat tehnologiýasy” hünärini tapawutlanan diplom bilen tamamlan Enejan Bendowa akademiki ýazmagyň täsirli ýörelgeleri boýunça çuňňur bilimine eýedir. Tejribeli halypasy hökmünde, geljekki ýokary okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgärlere okuwlarynda üstünlik gazanmakgyň gurallary bilen üpjün edip, güýçli şahsy we akademiki düzme (esse) döretmäge kömek edýär.

Bu dersi öwredýänleriň arasynda, san teoriýasy, matematiki derňew we çyzykly algebra ýaly ugurlar boýunça ýöriteleşen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Röwşen Öwezmuradow hem bar. Mekdep ýyllaryndan şu güne çenli köp matematiki olimpiadalara üstünlikli gatnaşyp, medallar gazandy.

“Scholarly Skills” köp sanly talyplara kömek etdi. Olar häzirki wagtda Beýik Britaniýada üstünlikli okaýarlar. Teklip edilen kurs, başgalara akademiki maksatlaryna ýetmäge kömek eden şol bir ýokary hilli okuwy üpjün etmegi maksat edinýär.

20-nji ýanwardan başlap, hepdede üç gezek sapaklar geçiriler: şişenbe, penşenbe we şenbe günleri sagat 18:30-dan 21:30 çenli – iňlis dili boýunça, we duşenbe, çarşenbe we anna günleri sagat 15:00-dan 18:00 çenli – matematika boýunça.

Okuw ýazylmak we tölegler barada goşmaça maglumatlary şu elektron poçta arkaly alyp bilersiňiz: scholarly.skills.tm@gmail.com ýa-da baky.tylla@gmail.com Habarlaşmak üçin telefon belgisi +993 64445894

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026