HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi gäminiň abatlaýyş işleri boýunça halkara bäsleşik yglan etdi

Ýanwar 16, 2025 | 15:07 |5776
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Jahan” çekiji gäminiň abatlaýyş işleri we onuň üçin gerekli ätiýaçlyk bölekleri we enjamlary satyn almak boýunça halkara açyk bäsleşigini yglan etdi.“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Jahan” çekiji gäminiň abatlaýyş işleri we onuň üçin gerekli ätiýaçlyk bölekleri we enjamlary satyn almak boýunça halkara açyk bäsleşigini yglan etdi.
Çeşme: tmrl.gov.tm

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Jahan” çekiji gäminiň abatlaýyş işleri we onuň üçin gerekli ätiýaçlyk bölekleri we enjamlary satyn almak boýunça halkara açyk bäsleşigini yglan etdi.

Gyzyklanma bildirýän şahslar aşakdakylary ýerine ýetirmeli:

  • Guramanyň doly adynyň, hukuk derejesiniň, hasaba alnyş ýurdunyň, poçta salgysynyň, telefon belgisiniň, faksyň, e-mail we Türkmenistandaky wekiliň hasaplaşyk hasaplarynyň dolulygyna görkezilmegi bilen ýazmaça arzany tabşyrmaly;

  • Kompaniýanyň soňky üç ýylyň maliýe ýagdaýy baradaky maglumatlary, şeýle hem kompaniýanyň iş tejribesi we onuň işgärleriniň taýýarlyk derejeleri baradaky maglumatlary tabşyrmaly. 250 ABŞ dollary (goşmaça baha bolan salgydy hasaba almak bilen) möçberinde bäsleşik tölegi amala aşyrylandan soň, bäsleşigiň resminamalar bukjasyny almaly. Ýerli kompaniýalar bu bahany milli pul birliginde töläp bilerler. Arzalar 2025-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

Ähli talap edilýän resminamalar taslamanyň ady görkezilen möhürlenen bukjada tabşyrylmaly. Bukjalar 2025-nji ýylyň 15-nji martyna çenli kabul edilýär.

Resminamalary tabşyrmak üçin salgy: 745000, Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş., Şagadam köç., 8 “A”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi. Goşmaça maglumat üçin:

Telefon: (+99365) 54-44-51, (+993 243) 6-07-46, 6-07-42. Faks: (+993 243) 6-07-44.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi gatnaşyjylar tarapyndan arzalary taýýarlamakda we tabşyrmakda çykan çykdajylar üçin jogapkärçilik çekmeýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026