HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Britaniýa emeli añ boýunça iñ öňdebaryjy döwlet bolmak isleýär

Ýanwar 14, 2025 | 14:25 |7644
Britaniýa 2030-njy ýyla çenli Emeli añ (EA) boýunça iñ güýçli döwlet bolmagy maksat edinýär.Britaniýa 2030-njy ýyla çenli Emeli añ (EA) boýunça iñ güýçli döwlet bolmagy maksat edinýär.
Çeşme: meriten.com.ua

Britaniýa 2030-njy ýyla çenli Emeli añ (EA) boýunça iñ güýçli döwlet bolmagy maksat edinýär.

Premýer-ministr Kir Starmer täze maglumat merkezleriñ döredilmegini, mikroçipleriñ öndürilmegini we iñ güýçli kompýuterleriñ işläp taýýarlanylmagyny öz içine alýan örän uly meýilnama bilen tanyşdyrdy. Emeli añyñ ornaşdyrylmagy ýurduñ ykdysadyýetine ýylda 57 mlrd dollara golaý girdeji getirip, 13 müñden gowrak iş ýeri bilen üpjün etjekdigine garaşylýar.

Strategiýanyñ çäklerinde täze tehnologiýalaryñ işlenilmegi üçin zerur bolan energetika infrastrukturasyny gurmak hem-de ony ösdürmek üçin ygtyýarmamalaryñ alynyş işini añsatlaşdyrmak hem göz öñünde tutulandyr.

Üç sany tehnologiki kompaniýalar eýýäm emeli añ üçin infrastrukturany döretmäge 17 mlrd dollar maýa goýum etmäge taýýardygy barada habar berdiler. Starmer Emeli añyñ ykdysadyýetiñ öndürijiligini ýokarlandyrmak ukyby barada aýratyn belledi. Bu hem Halkara walýuta gaznasynyñ çaklamalary bilen tassyklanylýar. Strategiýa dolandyryş böwetlerini peseletmek hem-de möhüm infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri hem öz içine alýar. Beýik Britaniýa Emeli añ bilen baglanyşykly startaplaryñ sany boýunça dünýäde eýýäm üçünji ýer eýeläp, öñdebaryjylygy diñe ABŞ bilen Hytaýa berýändigini bellemeli. Bu strategiýanyñ durmuşa geçirilmegi ýurduñ Emeli añ boýunça dünýä lideri hökmündäki ornuny berkidip, işewürlik we raýatlar üçin täze mümkinçilikleri açar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026