HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen gümrükçileri BAE iş saparyny tamamladylar

Ýanwar 14, 2025 | 09:45 |7260
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine iş sapary tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine iş sapary tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine iş sapary tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Sapar 2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Abu-Dabide gol çekilen Gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek hakynda ikitaraplaýyn Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň bir bölegi boldy.

Wekiller BAE-niň Federal gümrük müdirliginiň resmi işgärleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Halkara gümrük gatnaşyklar departamentiniň direktory Soud Alagrubi Federal gümrük müdirliginiň işi bilen tanyşdyryp, Ygtyýarlandyrylan ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasyny ornaşdyrmak boýunça ösüş barada gürrüň berdi.

Duşuşykda ygtyýarlandyrylan ykdysady operatorlary özara ykrar etmek barada hyzmatdaşlyk meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň bilen baglylykda, arap tarapy bu ugurda özara gatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Iş meýilnamasynyň taslamasyny teklip etdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Dubaý gümrükhanasyna, Jebel Ali deňiz portuna hem-de Dubaýyň Gümrük akademiýasyna baryp gördiler. Jebel Ali deňiz portunyň wekilleri wekiliýet agzalaryny ulag serişdeleriniň radioaktiw skanirlemegiň innowasion ulgamy bilen tanyşdyrdylar. Onuň kömegi bilen barlag işleri amala aşyrylýar, ýük ulaglary we konteýnerler barlanylýar. Ýokary derejeli aralaşmak ukybynyň netijesinde içindäki düzümler harytlara we iýmit önümlere zeper ýetirmezden jikme-jik barlanylýar, şol bir wagtyň özünde gadagan edilen goşundylar ýüze çykarylýar. Bu ulgam sagatda 8-15 km tizlikde hereket edýän 150 ýük ulagy skanirlemegi başarýar. Dubaýyň Gümrük akademiýasyna baryp, gümrük işiniň öwredilişinde innowasion usullar, şol sanda wirtual hakykat şertlerinde okatmak usulyýeti hem öwrenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026