HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GoViral75 atly ýaş öňdebaryjylar üçin maksatnamasyna arzalar kabul edilýär

Ýanwar 13, 2025 | 23:40 |8583
GoViral taslamasynyň çäginde Merkezi Aziýanyň ýaş öňdebaryjylary üçin GoViral75: Emerging Leaders Fellowship maksatnamasyna arzalar kabul edilip başlady. Maksatnama sebit ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen media, işewürlik, medeniýet we tehnologiýa ugurlaryndaky ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendirGoViral taslamasynyň çäginde Merkezi Aziýanyň ýaş öňdebaryjylary üçin GoViral75: Emerging Leaders Fellowship maksatnamasyna arzalar kabul edilip başlady. Maksatnama sebit ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen media, işewürlik, medeniýet we tehnologiýa ugurlaryndaky ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendir
Çeşme: GoViral

GoViral taslamasynyň çäginde Merkezi Aziýanyň ýaş öňdebaryjylary üçin GoViral75: Emerging Leaders Fellowship maksatnamasyna arzalar kabul edilip başlady. Maksatnama sebit ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen media, işewürlik, medeniýet we tehnologiýa ugurlaryndaky ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendir.

Emerging Leaders Fellowship maksatnamanyň çäginde işewürlik we dizaýn-pikirlenişi, başarnyklary ösdürmek boýunça seminarlary (workşoplary), Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynda birnäçe festiwallary, sebitleýin maslahaty, şeýle hem maksatnamanyň tutuş dowamynda maslahat beriji sessiýalary geçirmek meýilleşdirilýär.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 18-35 ýaş aralygyndaky media, işewürlik, medeniýet, tehnologiýa we adam hukuklary pudagynda tejribesi ýa-da häzirki wagtda işjeňligi bar bolan ýaş işjeňler ýüz tutup bilerler. Şeýle hem iň oňat taslamalar üçin kiçi grantlar bar: işewür pikirleri durmuşa geçirmek üçin 10 ugur, döredijilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin 8 ugur we media taslamalaryny işläp taýýarlamak üçin 5 grant.

Arzalar 2025-nji ýylyň 25-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär (23:59 GMT +5). Arzany şu salgyda dolduryp bilersiňiz.

GoViral taslamasy Türkmenistanda eýýäm 4 ýyl hereket edýär. Sebitleýin maksatnama ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň başlangyjy bolup, ABŞ-nyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan goldanýar. Taslama durmuş innowasiýalary ösdürmegi we işewürlik, media, medeniýet we tehnologiýa pudaklarynynda öňe gidişligi gazanmagy maksat edinýär. Taslama barada has giňişleýin maglumaty sosial ulgamyň sahypasynda tapyp bilersiňiz.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026