HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Atalar güni bellendi

Ýanwar 13, 2025 | 23:00 |8625
Aşgabatdaky Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň ýanyndaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Atalar gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Baýramçylyk Eýranda däp boýunça Atalar güni diýip bellenilýän Hezreti Alynyň doglan güni mynasybetli guraldy. Çärä diplomatik wekilhanasynyň wekilleri, pars dilini öwrenýän talyplar, şeýle hem çagyrylan myhmanlar gatnaşdy.Aşgabatdaky Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň ýanyndaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Atalar gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Baýramçylyk Eýranda däp boýunça Atalar güni diýip bellenilýän Hezreti Alynyň doglan güni mynasybetli guraldy. Çärä diplomatik wekilhanasynyň wekilleri, pars dilini öwrenýän talyplar, şeýle hem çagyrylan myhmanlar gatnaşdy.
Çeşme: orient.tm

Aşgabatdaky Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň ýanyndaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Atalar gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Baýramçylyk Eýranda däp boýunça Atalar güni diýip bellenilýän Hezreti Alynyň doglan güni mynasybetli guraldy. Çärä diplomatik wekilhanasynyň wekilleri, pars dilini öwrenýän talyplar, şeýle hem çagyrylan myhmanlar gatnaşdy.

1 13.01.2025-день-отцов-в-культурном-центре-ирана.jpg

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Ebrahim Parwiz duşuşygy açdy. Ol maşgalada we jemgyýetde atalaryň ornunyň wajyplygy barada belläp geçdi: “Maşgala durmuşynda ata durnuklylygyň, goldawyň we halypaçylygyň nyşanydyr. Onuň barlygy diňe bir maddy ýagdaýda däl, eýsem çagalaryň terbiýesinde, ahlak gymmatlyklaryň pugtalandyrylmagynda hem wajypdyr”.

2 13.01.2025-день-отцов-в-культурном-центре-ирана.jpg

Türkmenistandaky Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani hem gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Ol: “Eýranda Atalar güni Hezreti Alynyň doglan güni bilen gabat gelýär. Şol gün biz atalara, olaryň söýgüsine we maşgala gymmatlyklaryny pugtalandyrmak üçin olaryň edýän tagallalaryna hormat goýýarys. Biziň ýurdumyzda, edil Türkmenistandaky ýaly hem ata maşgalanyň daýanjy hasaplanylýar”.

3 13.01.2025-день-отцов-в-культурном-центре-ирана.jpg

Çäre aýdym-saz çykyşlaryndan, goşgylaryň okalmagyndan we sahnalaşdyrylan oýunlardan ybaratdy. Pars dilini öwrenýän talyplar maşgalada atanyň orny barada aýdym hem-de örän täsirli wideo ýazgy taýýarladylar.

Uly el çarpyşmalara mynasyp bolan türkmen dilinde ýerine ýetirilen goşgular we gülkili sahna oýunlary myhmanlaryň ünsüni çekdi.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary we okuwlary tamamlandyklary barada şahadatnamalar gowşuryldy.

4 13.01.2025-день-отцов-в-культурном-центре-ирана.jpg

Çäräniň guramaçylary myhmanlara däp süýjülikleri hem hödürlediler. Ozal Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Eneler güni bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026